Türkmenistanyň çempiony Russiýanyň Premýer-ligasynyň kluby bilen duşuşar

  • 14.02.2024 22:42
  • 16k+

Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» futbol kluby BAE-de okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde Russiýanyň «Pari NN» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Bu barada rus toparynyň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşyk 18-nji fewralda geçiriler. Duşuşygyň stadiony we başlanjak wagty ýakyn wagtda mälim ediler.
Belläp geçsek, «Pari Nižniý Nowgorod» topary 2015-nji ýylda esaslandyrylyp, ol 2021-nji ýyldan bäri Russiýanyň Premýer-ligasynda çykyş edýär.
Wladimir Baýramowyň ýolbaşçylygyndaky «Arkadag» topary 4-nji martda başlanjak Türkmenistanyň çempionatynyň täze möwsümine taýýarlyk görýär. Klub Türkiýäniň Antalýa şäherinde guralan okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde Demirgazyk Makedoniýanyň «Wardar» (1:0) toparyny utdy, Ukrainanyň «Şahtýor» (1:4) we «Dnepr-1» (0:1) toparlaryndan ýoldaşlyk duşuşyklarynda asgyn geldi.


düýn 00:22
3.3k+

«Pari Sen-Žermen» Laureus tarapyndan ýylyň iň gowy sport topary diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» futbol kluby «Laureus World Sports Awards» dabarasynda 2025-nji ýylyň iň gowy sport topary hökmünde ykrar edildi....

21.04.2026 20:58
4.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

21.04.2026 14:50
4.1k+

Sobolenko, Alkaras we Ýamal ýylyň iň gowy türgenleri hökmünde Laureus baýragyny aldy

Madridde dünýäde sport «Oskary» diýlip atlandyrylýan Laureus baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça iň gowy türgenler diýlip tennisçiler — Belarusyň wekili Arina Sobolenko......

20.04.2026 15:24
8.3k+

FIFA-nyň prezidenti 2026-nyň dünýä çempionatynyň biletleriniň gymmat bolmagynyň sebäbini düşündirdi

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň oýunlaryna biletleriň gymmat bolmagynyň guramanyň maliýe gurluşy bilen baglydygyny, sebäbi bu ýaryşyň gurama üçin ýeke-täk girdeji......