Ýanwar aýynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi

  • 14.02.2024 22:27
  • 27k+

14-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, şeýle hem Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly  meseleler girizildi. 

Mejlisiň dowamynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew ýylyň başyndan bäri Milli goşunyň goranyş ukybyny berkitmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Baş prokuror B.Muhamedow kanunçylyk namalarynyň gyşarnyksyz  ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek maksady bilen, şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow N.Allanazarowy Aşgabat şäheriniň prokurory wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşatdy we degişli Permana gol çekdi. 
Içeri işler ministri M.Hydyrow hasabat döwründe ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygyny, hukuk tertibini  üpjün etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, milli 
kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew ministrligiň ýylyň başyndan bäri ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy üpjün etmek boýunça ozal berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek boýunça  alnyp barlan işler barada hasabat berdi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýurdumyzyň guryýer we deňiz serhetlerini ygtybarly goramak, serhet bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça görlen toplumlaýyn çäreler barada aýtdy. 
Adalat ministri M.Taganow milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamak hem-de hereket edýän kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny ilata düşündirmek boýunça guralýan çäreler barada hasabat berdi. 
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew bu düzümiň täze tehnikalar bilen üpjün etmek we işgärler kuwwatyny berkitmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow hasabat döwründe amala aşyrylan, edaranyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipeleri netijeli çözmäge gönükdirilen çäreler barada hasabat berdi.


düýn 19:01
1.3k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......