Ilham Aliýew Azerbaýjanyň prezidenti wezipesine girişdi

  • 14.02.2024 21:45
  • 15k+

Ilham Aliýew nobatdan daşary saýlawlarda ýeňiş gazanandan soň Azerbaýjanyň prezidenti wezipesine girişdi. Bu barada respublikanyň Baştutanynyň metbugat gullugyna salgylanyp, lenta.ru habar berýär.

“14-nji fewralda Milli Mejlisde Azerbaýjan Respublikasynyň prezidenti Ilham Aliýewiň kasam kabul ediş dabarasy geçirildi. Azerbaýjan Respublikasynyň prezidenti Ilham Aliýew Azerbaýjan Respublikasynyň Konstitusiýasyna elini goýup, kasam kabul etdi” – diýlip, habarda bellenilýär.

9-njy fewralda ýurtda nobatdan daşary prezident saýlawlary tamamlandy we onda Ilham Aliýew ýeňiş gazandy. Ähli býulletenler işlenenden soň, Aliýew 92,12% ses aldy. Oňa 4 577 693 saýlawçy ses berdi.
Kasam kabul ediş dabarasyndan soň Azerbaýjanyň hökümeti işinden çekildi. Bu ýurduň Konstitusiýasynyň talaplaryna laýyklykda bolup geçdi.


düýn 15:17
2.8k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

02.05.2026 08:13
2.7k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

20.04.2026 20:30
4.7k+

Raşid Meredow Antalýada birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi

18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň......

07.04.2026 21:02
2.4k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......