OpenAI-yň başlygy: BAE emeli aň üçin synag meýdançasyna öwrülip biler

  • 14.02.2024 10:51
  • 8.9k+

OpenAI-yň baş direktory Sem Altman Dubaýda geçirilen AI Everything halkara forumynda çykyş edip, emeli aňyň (AI) geljegi we dünýä täsiri baradaky pikirlerini paýlaşdy diýip, Bloomberg habar berýär.

Altman BAE-niň adamzada peýdaly boljak täze AI tehnologiýalaryny ösdürmek we synagdan geçirmek üçin “meýdança” öwrülip biljekdigini aýtdy. Ol Emirlikde munuň üçin ýokary innowasiýa, synaglara açyklyk, baý çeşmeler we strategiki ýerleşiş ýaly ähli zerur şertleriň bardygyny belläp geçdi.
Şeýle hem, Altman AI-niň howpsuzlygyny we ahlak kadalaryny üpjün etmek üçin global ülňüleri we kadalaşdyryjylary döretmäge, şeýle hem ösüşden yzda galyp biljek ösüp barýan ýurtlara AI-e girişi giňeltmäge çagyrdy.
OpenAI-yň bu maksatlara ýetmek üçin BAE we beýleki hyzmatdaşlar bilen işleşmäge taýýardygyny aýtdy.
OpenAI generatiw AI-ni öwrenmek we ösdürmek bilen  meşgullanýan telekeçi däl guramadyr. Onuň taslamalarynyň biri - dünýäniň iň güýçli dil modeli bolan GPT-4.


30.05.2026 13:39
1.5k+

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete täsirini öwrenmek üçin 250 million dollar maýa goýar

OpenAI Foundation täjirçilik däl guramasy emeli aňyň ykdysadyýete täsirini öwrenmek üçin 250 million dollar maýa goýýandygyny yglan etdi....

29.04.2026 16:01
2.1k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....

25.04.2026 16:03
3.6k+

Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi Kuweýtde-de ilçi bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramow, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki ilçisi wezipesine bellenildi....

26.02.2026 09:36
2.2k+

Citrini Research-iň emeli aň baradaky hasabaty ABŞ-nyň birža indekslerini sarsdyrdy

ABŞ-nyň gazna bazary hepdäniň başyny howsalaly görkezijiler bilen açdy. Geň tarapy, munuň sebäbi iri korporasiýalaryň maliýe hasabatlary ýa-da döwlet düzgünleşdirijileriniň kararlary däl-de, eýsem Citrini Research toparynyň emeli aň (EA) baradaky täze ylmy hasabaty boldy...