«Xiaomi 14 Ultra» titan korpusa we 1 terabaýt ýada eýe bolar

  • 14.02.2024 10:45
  • 6.4k+

Hytaýyň «Xiaomi» korporasiýasy fewral aýynyň ahyrynda «14 Ultra» täze flagman smartfonyny çykarar. Bu barada lenta.ru «Android Authority» neşirine salgylanyp habar berýär.

Bu smartfon ilkinji enjamlary oktýabr aýynyň ahyrynda tanyşdyrylan «Xiaomi 14» maşgalasynyň dowamy bolar. Smartfonyň tapawutly aýratynlygy titan korpusa eýe bolmagydyr. Şeýle hem täze enjam «Qualcomm» flagman prosessoryna, 12 gigabaýt operatiw ýada we 256 gigabaýt goşmaça ýada eýe bolar. Enjamyň iň ýokary modifikasiýasy 16 gigabaýt operatiw ýat we 1 terabaýt goşmaça ýat bilen üpjün ediler. Pul tygşytlamak üçin kompaniýa 24 gigabaýt operatiw ýatly nusgalary öndürmekden ýüz öwürdi.
«Xiaomi 14 Ultra» «Mobile World Congress 2024» sergisinde tanyşdyrylar. Sergi 26 – 29-njy fewral aralygynda Ispaniýanyň Barselona şäherinde geçiriler.


03.03.2026 06:09
11k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...

27.02.2026 19:13
2.6k+

Xiaomi ýanyň bilen göterip bolýan kir ýuwujy enjamyny çykardy

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy özüniň içerki bazarynda Mijia Mini Washer atly kiçijik kir ýuwujy maşynyny hödürledi. Bu model az mukdardaky kirleri ýuwmak üçin niýetlenenligi we tygşytlylygy bilen tapawutlanýar. Enjam bir gezeklik işinde bary-ýogy 0,08 kilowatt-sagat elektrik energiýasyny sarp edýär we 1,2 kilogram eşik ýüklemäge mümkinçilik berýär...

27.02.2026 16:38
2.4k+

Xiaomi Tag trekeri ýiten zatlary tapyp berýär

Xiaomi kompaniýasy zatlaryň ýerini anyklamak üçin niýetlenen täze enjamy — Xiaomi Tag trekerini hödürledi. Bu enjam açar ýa-da torba ýaly özüne berkidilen zatlary aňsatlyk bilen tapmak üçin niýetlenendir. Enjamyň işleýiş ýörelgesi beýleki trekerler ýaly standart usulda...

14.02.2026 14:21
1k+

Xiaomi 4,7 milliard parametrli Robotics-0 bilen robot tehnikasy älemine aralaşyp başlady

Xiaomi kompaniýasy robototehnika pudagy üçin niýetlenen, açyk kodly ilkinji iri göwrümli modelini — Xiaomi-Robotics-0 ulgamyny tanyşdyrdy. 4,7 milliard parametrli bu ulgam robotlary hakyky durmuş şertlerinde akylly dolandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar...