J.D.Power tarapyndan Toyota Corolla, Camry, 4Runner, Tundra we Tacoma iň ygtybarly awtomobiller hökmünde saýlandy

  • 14.02.2024 01:09
  • 14k+

J.D.Power amerikan agentligi awtomobilleriň ygtybarlylygy boýunça 35-nji ýyllyk Vehicle Dependability Study reýtingini hödürledi. Bu ýyl Toyota kompaniýasy ýeňiş gazandy. Bu barada ixbt.com belleýär.

Öz golçur brendi Lexus bilen bilelikde kompaniýanyň öz kategoriýalarynda iň ygtybarly dokuz modeli bar. Olara Toyota Corolla, Camry, 4Runner, Tundra we Tacoma, Lexus IS, ES, NX we RX degişlidir. Şeýle-de, Chevrolet hem gowy çykyş etdi – öz kategoriýalarynda iň ygtybarlylar Equinox, Tahoe we Traverse boldy. Porsche-de iň ygtybarly sportkar – bu Porsche 718 Cayman. BMW-niň iň ygtybarly awtomobilleri X1 we X6 krossowerleridir.
Eger brendler barada gürrüň etsek, bu ýerde birinji orny Lexus eýeledi: 100 awtomobil üçin bary-ýogy 135 nägilelik. Onuň yzyndan Toyota (147) we Buick (149), Chevrolet we Mini (hersinde 174) gelýär. Reýtingiň iň aşaky orunlaryny Chrysler (310), Audi (275), Land Rover (268), Volkswagen (267) we Tesla (252) eýeledi.
Şeýle-de, agentligiň gözlegleri awtoulaglaryň ygtybarlylygynyň peselýändigini görkezdi, sebäbi ortaça PP100 derejesi bir ýyl ozalky 186 punkta garşy 190 punkt boldy. Aýratynam, elektromobiller bilen bagly mesele köp, olarda PP100 görkezijisi 256-a deň. Elektromobil eýeleri, esasan, ýokary kuwwatlylyk sebäpli çalt zaýalanýan şinalardan zeýrenýärler.
J.D.Power-iň gözlegleriniň dowamynda awtomobillerini üç ýyl ulanan adamlardan pikir soraşma geçirildi. Olara motordan başlap, salona çenli dokuz kategoriýa bölnen soraglar berildi. Belli bir modele nägilelik näçe az bolsa, şonça-da awtomobiliň we onuň öndürijisiniň reýtingi ýokary bolýar. Pikir soraşmanyň netijesinde analitikler PP100 (100 model üçin şikaýatlaryň sany) görkezijisini çykarýarlar we onuň esasynda reýting düzýärler.


29.05.2026 16:35
6.4k+

Toyota ilkinji gezek Ýaponiýada satjak ulaglaryny başga ýurtda öndürip başlar

«Toyota» kompaniýasy ilkinji gezek ýapon bazary üçin esasy modelleriniň önümçiligini ýurduň çäginden daşarda guramakçy: «Noah» we «Voxy» kysymly awtoulaglaryň önümçiligi Taýwanda başlanar, olary Ýaponiýa......

27.05.2026 19:09
7.3k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

23.05.2026 08:13
4k+

Toyota hereketlendirijilerdäki meseleler sebäpli V6-ly ulaglaryny ýene-de yzyna çagyrýar

Toyota kompaniýasy ABŞ-da 3,5 litrlik V6 hereketlendirijileriniň döwülmek howpy sebäpli 44 müň töweregi Toyota Tundra pikapyny yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

22.05.2026 14:47
6.6k+

Iň kiçi Toyota Land Cruiser FJ ýolsuz ýerde ýöreýän ulagy ýapon bazaryna çykdy

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazarynda täze Land Cruiser FJ ramaly wnedorožniginiň satuwa çykarylandygyny resmi taýdan yglan etdi. Model ýeke-täk VX komplektasiýasynda hödürlenip, bahasy 4,5 million ýena......