WSJ: Sem Altman ýarymgeçiriji öndürýän zawodlary gurmak üçin 5-7 trillion dollar ýygnamak isleýär

  • 14.02.2024 00:49
  • 6.9k+

Emeli aňy işläp taýýarlamak bilen meşgullanýan OpenAI-yň başlygy Sem Altman AI-niň tizleşdirijileri üçin çip öndürýän kärhanalary gurmagy meýilleşdirýär. Munuň üçin ol birnäçe trillion dollarlyk maýa goýumyny çekmek isleýär diýip, The Wall Street Journal habar berýär.

Neşir geljekde AI durmuşyň ähli ugurlaryna aralaşanda şeýle çipleriň uly islege eýe boljakdygyny belleýär. Çeşmäniň çaklamagyna görä, Altman bu işe 5-7 trillion dollar  aralygyndaky maýa goýumlaryny çekmek isleýär. Bu häzirki bar bolan týarymgeçiriji öndürýän iň gymmat zawodlaryň bahasyndan on esse köp. Bu mukdaryň näderejede uludygyna düşünmek üçin şuny belläliň: ýarymgeçiriji pudagy tutuşlygyna geçen ýyl 527 milliard dollar gazandy we diňe 2030-njy ýyla çenli 1 trillion dollara ýeter diýlip çaklanylýar.
Neşiriň berýän maglumatlaryna görä, Altman OpenAI-y, maýadarlary, şertnama esasynda ýarymgeçiriji öndürijileri we energiýa bilen üpjün edijileri öz içine alýan bilelikdäki kärhana döretmegi göz öňünde tutýar.


07.03.2026 17:10
910

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...

06.03.2026 12:05
2.7k+

GPT-5.4-de adatdan daşary pikirleniş režimi peýda bolar

GPT-5.4 modelinde çylşyrymly soraglary işlemek üçin ýörite režimiň peýda bolmagy mümkin. Bu barada "The Information" neşiri habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, şeýle tertipde model çylşyrymly logikany we jikme-jik seljermäni talap edýän meseleleri çözmek üçin has köp wagt we hasaplama serişdelerini ulanar...

27.02.2026 21:33
8.4k+

Google Nano Banana 2-ni tanyşdyrdy: 4K çözgüdi we Gemini-niň ähli bilimleri indi elýeterli

Google kompaniýasy özüniň täze Nano Banana 2 neýroulgamyny tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler bu täze önümi "şekillendiriş pudagynda iň döwrebap we ösen model" diýip atlandyrýarlar. Bu tehnologiýa ýakyn wagtda korporasiýanyň ähli serwislerine we hyzmatlaryna ornaşdyrylar...

21.02.2026 17:41
1.7k+

Gemini 3.1 Pro bäsdeşlerinden has akylly we ep-esli arzan bolup çykdy

Google kompaniýasy gysga jogap däl-de, çylşyrymly logiki pikirlenmegi talap edýän ýumuşlar üçin niýetlenen täze Gemini 3.1 Pro emeli aň modelini hödürledi. Model programmalary ýazmaga, ylmy barlaglar geçirmäge we hatda animasiýalary döretmäge-de ukyplydyr...