Hemme zat Gemini-niň ýadynda. Google özüniň AI ulanyjylarynyň maglumatlaryny okaýandygyny we ulanýandygyny boýun aldy

  • 14.02.2024 00:46
  • 3.9k+

Google ulanyjylara Gemini generatiw AI-niň çat-botlary we ulgamlary bilen ähli söhbetdeşlikleriniň we sesli gepleşikleriniň deslapky ýagdaýda kompaniýanyň maglumatlar bazasyna düşýändigini duýdurdy. Bu Google-yň işgärleriniň öz önümlerini, hyzmatlaryny we tehnologiýalaryny gowulandyrmak üçin, agzalan  maglumatlary okap, bellik edip we ulanyp biljekdigini aňladýar.

Kompaniýa ulanyjylary Gemini-ä şahsy we gizlin maglumatlary bermezlige çagyrdy, sebäbi bu olaryň gizlinligini we howpsuzlygyny bozup biler.
Şeýle hem, Google ulanyjylaryň haýsy maglumatlaryň saklanýandygyna we işlenýändigine “My Activity” paneli arkaly gözegçilik edip biljekdigini aýtdy. Şeýle-de bolsa, ulanyjy bu aýratynlygy öçürse-de, Gemini-niň programmalarynyň ygtybarlylygyny we hilini üpjün etmek üçin, onuň maglumatlary 72 sagat saklanar.
Gemini - bu döredijilikli AI-niň çat-botlar we ulgamlar maşgalasy bolup, ulanyjylara tekst ýazmak, grafika döretmek, düzediş koduny düzmek ýa-da söhbetdeşliklere taýýarlyk ýaly dürli meselelerde kömek edýär. Kompaniýa Gemini-nä ýokary derejeli akyl we döredijilik mümkinçiligini bermek üçin, ösen maşyn öwreniş tehnologiýalaryny ulanýandygyny öňe sürýär.


22.03.2026 04:00
2.8k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

17.03.2026 10:29
871

Google Maps-de üç ölçegli ugur almak tertibi we Gemini çat-boty peýda boldy

Google kompaniýasy soňky on ýylyň dowamynda Google Maps goşundysyndaky awtomobil nawigasiýasynyň iň uly täzelenmesini hödürledi. Täze «Immersive Navigation» režimi adaty tekiz kartanyň deregine töwerekdäki giňişligiň üç ölçegli görnüşini hödürleýär...

07.03.2026 17:10
910

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...

06.03.2026 12:05
2.7k+

GPT-5.4-de adatdan daşary pikirleniş režimi peýda bolar

GPT-5.4 modelinde çylşyrymly soraglary işlemek üçin ýörite režimiň peýda bolmagy mümkin. Bu barada "The Information" neşiri habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, şeýle tertipde model çylşyrymly logikany we jikme-jik seljermäni talap edýän meseleleri çözmek üçin has köp wagt we hasaplama serişdelerini ulanar...