Google emeli aňy ulanmak üçin töleg girizdi

  • 13.02.2024 23:43
  • 1.6k+

«Google» «Bard» çat-botunyň adyny «Gemini» diýip üýtgetdi we emeli aňyň kuwwatly nusgasy üçin tölegli abunalyk girizdi.

«Google-yň» «Gemini Ultra» diýlip atlandyrylýan iň kuwwatly emeli aň modeli «Google One» abunalygy bilen «AI Premium» nyrhnamasy hasaba alnandan soň ulanyjylar üçin elýeterli bolar. Ilkinji iki aýda ulanyş mugt, soň bolsa aýda ABŞ-nyň 20 dollary möçberinde töleg talap edilýär.
«Ultra» has çylşyrymly meseleleri çözmäge ukyply, has gowy logiki pikirleri gurýar we ulanyjynyň emeli aňa ýüzlenmeleriniň mazmunyny göz öňünde tutup, onuň görkezmelerini has ünsli ýerine ýetirýär diýip, kompaniýada belleýärler
«Google» 2023-nji ýylyň dekabrynda «Gemini» emeli aň modelleriniň maşgalasyny tanyşdyrdy. «Bard» çat-boty olaryň iň kiçi nusgasy «Gemini Pro» bilen üpjün edildi. «Gemini Nano» nusgasy bolsa «Google Pixel 8» smartfonlaryna, şeýle hem «Samsung Galaxy S24-e» ornaşdyryldy.
Ondan öň «OpenAI» we «Microsoft» emeli aň hyzmatlaryna abunalyk girizipdi. Olaryň ikisiniň hem bahasy aýda 20 dollar.


22.03.2026 04:00
2.8k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

17.03.2026 10:29
871

Google Maps-de üç ölçegli ugur almak tertibi we Gemini çat-boty peýda boldy

Google kompaniýasy soňky on ýylyň dowamynda Google Maps goşundysyndaky awtomobil nawigasiýasynyň iň uly täzelenmesini hödürledi. Täze «Immersive Navigation» režimi adaty tekiz kartanyň deregine töwerekdäki giňişligiň üç ölçegli görnüşini hödürleýär...

07.03.2026 17:10
910

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...

06.03.2026 12:05
2.7k+

GPT-5.4-de adatdan daşary pikirleniş režimi peýda bolar

GPT-5.4 modelinde çylşyrymly soraglary işlemek üçin ýörite režimiň peýda bolmagy mümkin. Bu barada "The Information" neşiri habar berýär. Çeşmäniň berýän maglumatyna görä, şeýle tertipde model çylşyrymly logikany we jikme-jik seljermäni talap edýän meseleleri çözmek üçin has köp wagt we hasaplama serişdelerini ulanar...