Hytaýly ýüzüji 100 metr aralyga ýüzmekde dünýä rekordyny goýdy

  • 12.02.2024 15:27
  • 9.5k+

Kataryň paýtagty Doha şäherinde suw sporty boýunça dünýä çempionaty geçirilýär. Erkekleriň arasynda 4x100 erkin ýüzmek boýunça estafetada Hytaýyň milli ýygyndysy altyn medal gazandy.

Estafeta gatnaşyjy dörtlügiň biri Pan Çžanle 100 metr aralyga ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy. Öňki üstünlik bir ýarym ýyl saklanypdy.
Pan Çžanle birinji bolup ýüzdi. Ol ýüz metr aralygy 46,80 sekuntda geçdi. 19 ýaşly hytaýly ýüzüji 2022-nji ýylyň awgust aýynda Ýewropa çempionatynda goýlan rumyniýaly Daniel Popowiçiň gazanan üstünliginden bir sekundyň ýüzden 6 bölegi ýokary netije görkezdi. Geçen ýyl Pan Çžanle kombinirlenen estafeta boýunça dünýä çempionatynda kümüş medal gazanypdy.
Hytaýyň milli ýygyndysy estafetada 3 minut 11,08 sekunt netije bilen ýeňiş gazandy. Ikinji orny italýan ýüzüjileri eýelediler. ABŞ-nyň milli ýygyndysy bürünç medallara eýe boldy.


düýn 12:21
1.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

02.06.2026 17:37
5.2k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

05.05.2026 17:34
9.5k+

Meksikaly türgen bir gije-gündiziň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, rekord goýdy

Meksikaly türgen Enrike Sapata 24 sagadyň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, dünýä rekordyny täzeledi. Bu netije mundan ozal 11 900 gezek çekilen belgiýaly Lennert Şotsyň rekordyndan ýokary boldy....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....