Huawei Vision Pro. Apple-iň VR garniturasyna arzan bäsdeş tapylyp biler

  • 12.02.2024 10:47
  • 3.7k+

Huawei giňeldilen hakykat tehnologiýalary ulgamynda Apple-den yza galmaz. Hytaýyň kompaniýasy bahasy “almaçylaryň” golaýda uly şowhun bilen görkezen Apple Vision Pro-synyň ýarpy bahasyna golaý boljak we agramy hem ondan iki esse ýeňil boljak Vision Pro şleminiň üstünde işleýär. ITHome-nyň habar bermegine görä, Meizu-nyň marketing boýunça öňki müdiri we Numiao Technology-iň esaslandyryjysy Li Nan muny Weibo sosial ulgamynda mälim etdi.

Ol Huawei-iň Vision Pro diýip atlandyryljak geljekki täze önümi barada käbir maglumatlary aýan etdi. Bu at Huawei tarapyndan 2019-njy ýylda Hytaýda patentlenipdi.
Li Nanyň sözlerine görä, Huawei Vision Pro 15 müň ýuana düşer, bu häzirki walýuta hümmetinde, takmynan, 2,1 müň dollara barabardyr. Deňeşdirip görsek, Apple Vision Pro 3-4 müň dollar diýlip çaklanylýar, ýöne habar beriş serişdeleri Apple -iň şlemiň arzan görnüşiniň üstünde işleýändigini habar berýär.
Huawei Vision Pro  Sony-niň Micro OLED 4K ekranlary bilen enjamlaşdyrylar, olar Apple Vision Pro-nyňka meňzeş bolup biler. Mundan başga-da, Huawei Vision Pro Huawei-iň öz içerki çipleri arkaly “yza galman diýen ýaly” hereket edýän dolandyryş ulgamyna eýe bolar.
Apple-iň garniturasyndan tapawutlylykda, Huawei Vision Pro-da ulanyjynyň nazaryny yzarlamaga we beýleki adamlara görkezmäge mümkinçilik berýän EyeSight bolmaz.
Huawei Vision Pro-nyň çykaryljak senesi henizem gizlin saklanýar, ýöne Li Nan Sony-niň şlem üçin ekranlary alty aýyň içinde üpjün etmäge taýýardygyny öňe nygtaýar. Bu Huawei Vision Pro-nyň 2024-nji ýylyň güýzünden bäri bazara çykmajakdygyny aňladýar.


21.04.2026 15:36
6.7k+

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan astronawt iPhone 17 Pro Max-da alnan «Ýeriň ýaşyşynyň» wideosyny paýlaşdy

Aýyň daşyndan aýlanyp gaýdan «Artemis II» missiýasynyň serkerdesi Rid Waýzman seýrek duş gelýän kosmos hadysasynyň — Ýer şarynyň Aýyň gözýetiminden ýaşyp barýan pursatynyň wideosyny paýlaşdy. Bu kadrlar......

22.03.2026 04:18
2.2k+

Apple operasion ulgamlarynyň täzelenmesini üýtgetdi hem-de könelen smartfonlar sanawynyň üstüni ýetirdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...

10.03.2026 08:10
3.8k+

Apple 15 sany enjamynyň önümçiligini ýatyrýar

Apple kompaniýasy geçen hepde 10 sany täze enjamyny tanyşdyrmak bilen bir hatarda, ozal öndürilýän 15 sany önüminiň çykarylmagyny bes edýändigini-de yglan etdi. Täzelikleriň arasynda iPhone 17e smartfony, M4 prosessorly...

05.03.2026 06:56
1.5k+

Apple iň elýeterli MacBook-yny hödürledi: onuň bahasy 600 dollardan başlanýar

4-nji martda Apple kompaniýasy özüniň iň elýeterli noutbugy bolan MacBook Neo-ny tanyşdyrdy. Modeliň bahasy 599 dollardan başlanýar. Bilim ulgamyndaky alyjylar üçin bolsa arzanladyşly baha — 499 dollar bellenildi...