Türkiýe 2024-nji ýylda 60 mln syýahatçyny kabul etmegi göz öňünde tutýar

  • 12.02.2024 10:36
  • 4.7k+

Türkiýe 2024-nji ýylyň jemi boýunça 60 mln syýahatçyny kabul etmegi we syýahatçylyk pudagyndan 60 mlrd dollar gazanmagy meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Antalýada habar berdi. Muny TRT Haber teleýaýlymyna salgylanyp, TASS ýetirýär.

“Biziň syýahatçylyk ugrundan maksadymyz 2024-nji ýylda ýurdumyzda 60 mln syýahatçyny kabul etmekden we syýahatçylykdan 60 mlrd dollar girdeji almakdan ybarat” – diýip, Ärdogan belledi.

Öň, şeýle meýilnamany Respublikanyň syýahatçylyk ministri Mehmet Ersoý aýtdy.
Resmi maglumatlara görä, 2023-nji ýylda Türkiýä 56,7 mln syýahatçy bardy we bu bir ýyl ozalkydan 12% köpdür. Geçen ýyl syýahatçylykdan gelen girdeji 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 16,9% ýokarlanyp, 54,3 mlrd dollar boldy. 2022-nji ýylda Türkiýä 51,4 mln syýahatçy barypdy, syýahatçylyk pudagyndan gelen girdeji bolsa 46,5 mlrd dollara deňdi.
Türk häkimiýetleri geçen ýyly rekordly diýip bellediler.


düýn 09:50
4.3k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.1k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
5.7k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

22.06.2026 00:59
7.5k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......