Apple kompaniýasy Windows üçin Music, TV we Devices programmalaryny hödürledi

  • 12.02.2024 06:57
  • 1.6k+

Apple kompaniýasy Windows 10 we 11 üçin üç hyzmatyň soňky wersiýalaryny çykardy: Apple TV filmlere we seriallara tomaşa etmek üçin, Apple Music aýdym-saz diňlemek üçin we Apple Devices gurluşlary dolandyrmak üçin. Olar ýükläp almak üçin Microsoft Store-da elýeterlidir. Öň programmalar açyk synag tapgyryndady. Bu barada The Verge web-saýtyna salgylanyp, vc.ru ýazýar.

Programmalar iTunes-iň esasy funksiýalarynyň ornuny tutmaly. Kompaniýa bu programmalary Microsoft-yň goldaw bermeginde işläp düzdi. Microsoft Store-yň baş arhitektory Rudi Haýn X sosial ulgamynda Apple-i programmalaryň işe girizilmegi bilen gutlady.
Bu programmalar çykandan soň, iTunes diňe podkastlar we audio-kitaplar üçin gerek bolar.


19.05.2026 12:17
3.9k+

Geýtsleriň gaznasy Microsoft-daky paýyny doly satdy

Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň soňky 7,7 million aksiýasyny satyp, Microsoft-yň maýasyndan doly çykdy....

16.05.2026 11:20
4k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....