Google täze at bilen emeli aň hyzmatyny resmi taýdan hödürledi

  • 12.02.2024 06:30
  • 2.1k+

Google tehnologiýa korporasiýasy emeli aňa esaslanýan Bard çat-botunyň adynyň Gemini diýlip üýtgedilendigini mälim etdi. Bu barada kompaniýanyň resmi bloguna salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

Gemini-niň işleýşi Bard-dan tapawutlanmaýar. Çat-bot maglumatlary gözlemäge, tekst we şekil döretmäge ukyply. Bu elektron hatlary, elektron jedwelleri düzmäge we beýleki iş ýumuşlaryny ýerine ýetirmäge kömek edýän Gmail we Google Docs ýaly Google Workspace programmalaryndaky emeli aň funksiýalaryna-da degişlidir.
Ulanyjylar Gemini-niň programma görnüşinde mugt wersiýasyndan peýdalanyp bilerler. Ol Android-de Google Play programmalar dükanynda elýeterlidir. iOS gurluşlarynyň eýeleri çat-bota täzelenen Google programmasynyň üsti bilen elýeterli bolup bilerler.
Şeýle-de, kompaniýa aýda 20 dollar baha bilen emeli aňyň has güýçli Gemini Ultra wersiýasyna tölegli elýeterliligi hödürleýär. Kompaniýa Ultra modeliniň dowamly gepleşikleri saklamaga we has köp kontekst hödürlemäge ukyplydygyny, şeýle-de programmirleme we logiki meseleleri çözmek üçin has amatlydygyny belleýär. 


05.05.2026 05:26
3.1k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

22.03.2026 04:00
3.1k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

17.03.2026 10:29
924

Google Maps-de üç ölçegli ugur almak tertibi we Gemini çat-boty peýda boldy

Google kompaniýasy soňky on ýylyň dowamynda Google Maps goşundysyndaky awtomobil nawigasiýasynyň iň uly täzelenmesini hödürledi. Täze «Immersive Navigation» režimi adaty tekiz kartanyň deregine töwerekdäki giňişligiň üç ölçegli görnüşini hödürleýär...