Ýaponiýa fewral aýynda kosmos zibilini öwrenmek üçin hemra uçurar

  • 11.02.2024 18:33
  • 6.2k+

Ýaponiýanyň Astroscale Japan kompaniýasy kosmos zibilini öwrenmegi maksat edinýän ilkinji hemrany uçurar. Bu barada taslamanyň saýtyna salgylanyp, TASS habar berýär.

ADRAS-J enjamy 19-njy fewralda Täze Zelandiýanyň Mahia ýarym adasynda ýerleşýän hususy Rocket Lab kosmodromyndan uçurylar. Beýikligi 1,2 m we ini 80 sm bolan hemra köp sanly uly bolmadyk hereketlendirijiler bilen üpjün edilendir, bu bolsa oňa kosmos giňişliginde hereket etmäge we zibillere hem galyndylara has golaý barmaga mümkinçilik berýär.
ADRAS-J-niň wezipesi 2009-njy ýylda uçurylan H2A ýapon raketa göterijisiniň basgançagynyň böleklerini öwrenmekden, olary surata düşürmekden we maglumatlary Ýere ibermekden ybarat. Astroscale Japan munuň kosmos zibilini öwrenmek üçin oňa howpsuz ýakynlaşmak boýunça dünýäde ilkinji missiýadygyny belleýär.
Üstünlikli bolan ýagdaýynda kompaniýa Ýeriň orbitasyndaky zibilleri aýyrmak tehnologiýasyny ösdürmegi dowam etdirip, bu ugurda dürli ýurtlardan hökümetler hem täjirçilik kärhanalary bilen hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýär.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....