“Türkmenistan” gazeti Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik bäsleşigini yglan etdi

  • 11.02.2024 17:14
  • 5.8k+

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşi bilen bilelikde, žurnalistleriň we mirasgärleriň arasynda «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi.

Bäsleşige hödürlenilýän eserlerde (makalalarda we oçerklerde) «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bolup geçýän taryhy wakalaryň, akyldar şahyryň döredijiligini bütin dünýäde dabaralandyrmagyň çäklerinde amala aşyrylýan ägirt uly işleriň düýp mazmuny we ähmiýeti anyk mysallar arkaly açylyp görkezilmelidir. Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, onuň türkmen hem-de dünýä edebiýatynyň täze edebi tapyndylar bilen baýlaşmagyna ýetiren täsiri beýan edilmelidir. Oçerkler akyldar şahyryň ömrüni we döredijiligini öwrenmäge uly goşant goşan şahsyýetlere, alymlara, magtymgulyşynaslara bagyşlanmalydyr.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänler hödürleýän eserlerini «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly bäsleşige» diýen ýazgy bilen «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasyna (Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Erkin döredijilik mekany) ýa-da onuň elektron salgysyna (turkmenistan-gazeti@sanly.tm) ýollap bilerler. Awtorlar redaksiýa ugradýan eserlerine özleri baradaky maglumatlary (işleýän ýa-da ýaşaýan ýeriniň salgysy, telefon belgisi) hem goşmalydyrlar. Bäsleşige gatnaşýanlar ýaş tapawudy ýa-da işleriniň sany boýunça çäklendirilmeýär.
Bäsleşige hödürlenilýän işler we awtor baradaky gysgaça maglumatlar bildiriş gazetde çap edilen gününden başlap, 2024-nji ýylyň 10-njy iýunyna çenli guramaçylyk topary tarapyndan hasaba alnar.
Bäsleşige gelip gowşan eserlere döredijilik işgärlerinden düzülen eminler topary baha berer.
Bäsleşik Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öňüsyrasynda jemlener. Ýeňijilere Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşiniň diplomlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşurylar.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi:
39-95-67


düýn 10:10
2.9k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.1k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:24
6.7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......