Gautama Adani 100 mlrd dollarly baý adamlaryň hataryna gaýdyp geldi

  • 11.02.2024 12:20
  • 9.9k+

Adani Group konglomeratynyň esaslandyryjysy, birwagt Aziýanyň iň baý adamy bolan Gautam Adaniniň baýlygy 100,7 mlrd dollara ýetdi we ol, Bloomberg-iň maglumatlaryna görä, dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda 12-nji orny eýeledi. Şeýlelikde, Adani baýlygy 100 mlrd dollardan ýokary adamlaryň hataryna goşuldy. Bu barada kommersant.ru belleýär.

2023-nji ýylyň başynda bary-ýogy birnäçe günüň içinde hindistanly milliarderiň baýlygy Hindenburg Research amerikan analitik kompaniýasynyň derňewi neşir edilenden soň 37,7 mlrd dollara çenli azaldy.
2023-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda neşir edilen bu derňewde kompaniýanyň analitikleri “Adani Group-yň onlarça ýylyň dowamynda paýnamalar bilen bagly hileler we hasabat galplyklary bilen meşgullanandygyna” subutnama görkezdiler. Bu wakadan soň, Adani Group-yň düzümine girýän kompaniýalar 150 mlrd dollara golaý bazar bahasyny ýitirdiler, jenap Adaniniň öz baýlygy bolsa 120 mlrd dollardan 80 mlrd dollardan gowrak azaldy.
Häzir Adani Group kompaniýasy belli bir derejede dikelmegi başardy. Konglomerat Qatar Investment Authority we TotalEnergies ýaly birnäçe uly maýadarlardan serişdeleri özüne çekdi. Girdejisi 130% ýokarlanan Adani Enterprises-iň maliýe hasabatyndan soň bolsa, konglomeratyň paýnamalary durnukly ösýär.
Ýanwar aýynda Hindistanyň Ýokary kazyýeti bazar düzgünleşdirijilerine üç aýyň dowamynda Adani Group bilen bagly ähli barlaglary we derňewleri tamamlamagy tabşyryp, bu mesele boýunça goşmaça derňewleriň zerur däldigini aýtdy. Diňe şu ýylyň başyndan bäri Gautam Adaniniň öz baýlygy 16,4 mlrd dollar artdy.


30.03.2026 09:59
10k+

Milliarderleriň iň köp doglan şäheri yglan edildi

Nýu-Ýork şäheri bu gezek hem dünýäde milliarderiň iň köp doglan ýeri hökmünde sanawyň başyny çekdi diýip, 2026-njy ýyl üçin dünýäniň iň baý 1680 adamynyň maglumatlaryna esaslanýan Visual Capitalist neşiri......

22.03.2026 08:09
4.6k+

Samsung Hindistanda Galaxy S26-ny ýarty bahasyna satyn almagy teklip etdi

Samsung kompaniýasy Hindistanda Galaxy S26 seriýasynyň smartfonlary üçin «Galaxy Forever» maksatnamasyny işe girizdi. Bu taslama öňki nesillerden has gymmat bolan täze modelleri satyn almagy ýeňilleşdirmäge gönükdirilendir...

20.03.2026 20:04
5.9k+

Hindistan bazarlary horlanmak üçin niýetlenen arzan bahaly dermanlardan doldurmakçy

«Hindistanda semaglutid maddasyna bolan patent möhletiniň tamamlanmagy, horlanmak üçin niýetlenen dermanlaryň bahasynyň düýpli peselmegine we dünýä bazarynyň üýtgemegine getirmegi mümkin. Gürrüňi edilýän madda Novo Nordisk kompaniýasynyň meşhur «Ozempik» we «Wegowi» dermanlarynyň hem esasy düzümini eýeleýär» diýip, BBC News habar berýär...

13.03.2026 17:58
3.1k+

Indi her dördünji iPhone Hindistanda öndürilýär

Apple kompaniýasy Hindistandaky iPhone önümçiligini ep-esli artdyrdy. Häzirki wagtda kompaniýanyň smartfonlarynyň takmynan dörtden biri hut şol ýerde ýygnalýar. Bloomberg agentliginiň maglumatyna görä, geçen ýyl Apple-yň potratçylary Hindistanda 55 milliona golaý iPhone öndürdiler...