«Ýandeks» kompaniýasy özüniň «Lunnen» atly elektronika brendini tanyşdyrdy

  • 11.02.2024 12:58
  • 2.4k+

Russiýanyň «Ýandeks» IT kompaniýasynyň eýeçiligindäki «Ýandeks Market» söwda platformasy özüniň «Lunnen» atly elektronika brendini döretdi. Bu barada maglumatlar gözleg ulgamynyň resmi web sahypasynda peýda boldy.

Brendiň ilkinji önümleri iki noutbuk modeli: «Lunnen Grand 15» we «Lunnen Grand 16» boldy. «Grand 15-de» 1920-ä 1080 piksel durulykly 15 dýuýmlyk IPS ekran, 512 GB hemişelik ýat we bir USB-C porty, üç USB-A we HDMI porty bilen üpjün edildi. Täze enjamyň öndürijiligine 16 GB operatiw ýat we alty ýadroly «AMD Ryzen 5 5500U» prosessory jogap berýär.
Öz gezeginde, «Grand 16» 16 dýuýmlyk ekrana, 512 GB hemişelik ýada, şeýle hem iki USB-C portyna, üç USB-A we bir HDMI portyna eýedir. Enjam sekiz ýadroly «AMD Ryzen 7 5800U» prosessory bilen işleýär we 16 GB operatiw ýat bilen üpjün edilendir.
Iki model hem demir korpusa eýedir, olar bir zarýadda 7 sagada çenli işläp bilýärler we öňünden gurnalan «Windows 11 Home» bilen satylýarlar. «Lunnen Grand 15» 42,5 müň rubl, «Grand 16» bolsa 47,5 müň rubl bahadan satylýar.
«Ýandeks Market» web sahypasynda çap edilen mahabat materiallaryna seretseň, «Lunnen» toplumyna ýakyn wagtda diňe bir planşet däl, eýsem, monitor ýa-da monoblok hem goşular.

25.06.2026 20:11
3.5k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......

23.06.2026 08:37
7.6k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......