AI-ni hakykatdan nädip tapawutlandyrmaly: OpenAI ChatGPT we DALL-E 3 tarapyndan döredilen suratlara bellikleri goýup başlar

  • 11.02.2024 12:54
  • 2.5k+

OpenAI emeli aň kompaniýasy ChatGPT we DALL-E 3 gurallaryny ulanyp döredilen ähli suratlaryň indi gelip çykyşyny kesgitlemek üçin suw bellik ediljekdigini mälim etdi diýip, Mashable habar berdi.

Kompaniýa şeýdip ýalan ýa-da ýalňyşdyrýan maglumatlaryň ýaýramagynyň öňüni almak, asyl eserleriň awtorlyk hukugyny goramak kararyna geldi.
ChatGPT we DALL-E 3 - bu tekstde beýan edilene esaslanýan hakykat şekillerini döretmäge mümkinçilik berýän tehnologiýalardyr.
Indi bu gurallar tarapyndan döredilen ähli suratlarda goýuljak suw belliklerinde guralyň çeşmesini we şekiliň döredilen senesini görkezýän metadata bolar. Suw bellikleri şekil döretmegiň hiline ýa-da tizligine täsir etmez, ýöne şekiliň ululygyny API arkaly 3-5% we ChatGPT ulananyňyzda 32% ulaldyp biler.
Metadata Adobe, Microsoft, BBC we ş.m. ýaly iri kompaniýalar we neşirýatçylar tarapyndan media mazmunynyň dipfeýklerine we manipulýasiýasyna garşy göreşmek üçin döredilen C2PA (Coalition for Content Provenance and Authenticity) standartyna laýyk geler.
ChatGPT, DALL-E 3, Midjourney, Bard we Copilot ýaly tehnologiýalaryň peýda bolmagy bilen dipfeýkleri döretmek, ýalan maglumatlary ýaýratmak we awtorlyk hukuklaryny bozýan suratlary çap etmek has aňsatlaşdy.
Ýakynda meşhur aýdymçy Teýlor Swift şeýle dipfeýkleriň pidasy boldy. Bu waka, aýratynam, meşhur adamlar babatynda şeýle manipulýasiýanyň öňüni almak üçin suraty barlamagyň we ýeterlik çäklendirmeleriň zerurdygyny görkezdi.


27.02.2026 21:33
8.2k+

Google Nano Banana 2-ni tanyşdyrdy: 4K çözgüdi we Gemini-niň ähli bilimleri indi elýeterli

Google kompaniýasy özüniň täze Nano Banana 2 neýroulgamyny tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler bu täze önümi "şekillendiriş pudagynda iň döwrebap we ösen model" diýip atlandyrýarlar. Bu tehnologiýa ýakyn wagtda korporasiýanyň ähli serwislerine we hyzmatlaryna ornaşdyrylar...

21.02.2026 17:41
1.6k+

Gemini 3.1 Pro bäsdeşlerinden has akylly we ep-esli arzan bolup çykdy

Google kompaniýasy gysga jogap däl-de, çylşyrymly logiki pikirlenmegi talap edýän ýumuşlar üçin niýetlenen täze Gemini 3.1 Pro emeli aň modelini hödürledi. Model programmalary ýazmaga, ylmy barlaglar geçirmäge we hatda animasiýalary döretmäge-de ukyplydyr...

21.02.2026 14:09
1.1k+

Google habarçylaryň şikaýatlaryndan soň EA-gözleginiň interfeýsini üýtgetdi

Google kompaniýasy «EA-dan syn» (AI Overviews) we Geminä esaslanýan «Emeli aň tertibi» bölümlerinde gipersalgylanmalaryň görkezilişine üýtgeşmeler girizdi. Bu barada Google Search önümleri boýunça wise-prezidenti Robbi Steýn habar berýär...

19.02.2026 20:07
1.4k+

ChatGPT ulgamyna «bloklama düzgüni» we «ýokary töwekgelçilik» belgisi girizildi

OpenAI kompaniýasy emeli aň önümleri üçin täze howpsuzlyk funksiýalaryny — «bloklama düzgünini» (Lockdown Mode) we «ýokary töwekgelçilik» (Elevated Risk) belgisini işe girizýändigini yglan etdi. Bu täzelikler ChatGPT, ChatGPT Atlas we Codex ulgamlaryna degişlidir...