Tekiz Ýer: Alymlar irki planetalaryň tekiz görnüşe eýe bolandygyny çaklaýarlar

  • 11.02.2024 12:53
  • 6.9k+

Megerem, Ýer hemişe togalak görnüşde bolmadyk bolsa gerek. Beýik Britaniýadaky Merkezi Lankaşir uniwersitetiniň (UCLan) astrofizikleriniň täze gözlegleri emele gelişiniň ilkinji döwürlerinde planetalaryň çelpege ýa-da byzmyga meňzeş tekiz ýa-da ýasy görnüşli bolmagynyň mümkindigini görkezýär. Bu barada Astronomy and Astrophysics Letters žurnalynyň bir makalasyna salgylanýan New Atlas ýazýar.

Alymlar planetalaryň protoplanetiki disklerden – ýyldyzlaryň töweregindäki halka şekilli tozandan we gazdan emele gelşini öwrenýärler. Bu prosesi düşündirýän iki esasy nazary pikir bar. Birinjisi ýadro ösüş teoriýasy diýlip atlandyrylýar we ol tozan bölejikleriniň özara birleşip, kem-kem ulala-ulala planetalara öwrülýändigini çaklaýar. Ikinjisine disk durnuksyzlygy teoriýasy diýilýär. Bu teoriýa munuň has çalt bolup geçýändigini, ýagny, diskiň sowap, dykyz tokgalanmagy netijesinde onuň planetalara öwrülýändigini öňe sürýär.
Gözlegleriň dowamynda alymlar planetalar ikinji teoriýa görä emele gelende, olaryň sferik görnüşini saklap, hemme taraplaýyn deň derejede ösmeýändiklerini, ýöne ekwatorda däl-de, polýuslarynda özboluşly tekiz ýumurtga görnüşine çenli köp material ýygnaýandyklaryny anykladylar. Wagtyň geçmegi bilen, ýaş planetalar ulaldygyça, sferik görnüşe eýe bolýarlar.
Agzalan açyş bu geň şekiliň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamak üçin ýaş planetalara gözegçilik edilende disk durnuksyzlygy teoriýasyny tassyklamaga ýa-da ret etmäge kömek edip biler. Gözleg neşir etmek üçin kabul edildi.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....