Türkmen talyplary CyberQuest atly IT-bäsleşigine gatnaşyp bilerler

  • 11.02.2024 09:39
  • 5.2k+

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplaryny «CyberQuest» atly intellektual IT-bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

IT-bäsleşikleri sanly tehnologiýalar ulgamynda giň bilimleri we başarnyklary ele alan hem-de bu ugurda çuňňur pikirlenmäge eýe bolan we häzirki döwrüň «sanly dünýäsinde» erkin ugur alyp bilýän talyplaryň arasynda geçirilýär. 
Bäsleşik 18-19-njy martda institutda toparlaýyn ýaryşlar görnüşinde geçiriler. Ýurdumyzyň her ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinden üç adamdan ybarat bir topar gatnaşyp bilýär.
«CyberQuest» intellektual bäsleşigine gatnaşmak we IT-ulgamda öňde goýlan wezipelere hötde gelmekde öz bilimlerini we başarnyklaryny görkezmek isleýänler gatnaşmak üçin 1-nji marta çenli tdbgi.hakaton@gmail.com. elektron salgy boýunça çäräniň guramaçylyk toparyna haýyşnamalaryny ibermelidirler.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......