Türkmenistanyň we Indoneziýanyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda gepleşikler geçirildi

  • 11.02.2024 09:33
  • 2.9k+

Türkmenistanyň we Indoneziýa Respublikasynyň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda iki dostlukly ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Metbugat gullugy habar berýär.

Maslahata şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Indoneziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri onlaýn görnüşde gatnaşdylar.
Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Indoneziýa Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde tagallalary birleşdirmeklige meýillerini beýan etdiler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hem-de iki ýurduň telekeçileriniň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....