Wepa Hajiýew Ženewada BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary bilen duşuşdy

  • 09.02.2024 10:14
  • 9.9k+

6-njy fewralda Ženewa şäherinde ýerleşýän Wilson köşgünde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili W.Hajiýewiň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary Folker Türkiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy BMG-niň ýurdumyz üçin ileri tutulýan hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygy, şeýle hem Türkmenistanyň bu guramanyň özenini emele getirýän gymmatlyklara we ýörelgelerine ygrarly bolup galýandygy barada aýratyn nygtap geçdi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň edarasynyň ýakyn hyzmatdaşlygy saklamagy wajyp hasaplaýar.
2008-nji ýylda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde açylan Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň edarasynyň sebitleýin wekilhanasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin möhüm orny barada aýratyn bellenildi.
Öz gezeginde, BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissary esas düzüji adam hukuklary babatynda hyzmatdaşlygyň çäklerinde Merkezi Aziýa  sebitiniň wajyplygy barada nygtady. BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň edarasynyň  ähli adamlar üçin hukuklaryň goragyny üpjün etmäge, bu hukuklarynyň amala aşyrylmagy üçin ygtyýarlyklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge, olaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda degişli işleri alyp barýan jogapkärlere ýardam bermäge, şeýle hem BMG-niň adam hukuklary ugrundaky maksatnamalarynyň netijeli peýdalanylmagy üçin raýat jemgyýetçiliginiň mümkinçiliklerini giňeltmäge we berkitmäge ymtylýandygy barada bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň edarasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ylalaşdylar.


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....