Windows 10-da aýryp bolmaýan doly ekranly mahabatlary hödürleýär

  • 09.02.2024 00:16
  • 2k+

Microsoft Windows 10-da ulanyjylardan Windows 11-e çenli täzelenmäni almagy teklip edýän, aýryp bolmaýan doly ekranly mahabatyny hödürläp başlady diýip, ITHome salgylanýan Ferra ýazýar. 

Windows 10-nyň ulanyjylary ilkinji gezek 2023-nji ýylyň maý aýynda bizar ediji penjireleriň çykmagyny  başdan geçirdiler, 2024-nji ýylyň ýanwar aýyndaky täzelenme bolsa ört sany doly ekranly habaryň üsti bilen "täzelenmegi" haýyş edip, ýagdaýy hasam erbetleşdirdi.
Habarlarda Windows 11-iň mugt täzelenmeler, maglumatlary we sazlamalary ýatda saklamak, täze dizaýn we gowulaşdyrylan howpsuzlyk ýaly artykmaçlyklary  görkezilýär.
Muňa garamazdan, ulanyjylaryň köpüsi täze ulgamyň durnuksyzlygyna we enjamyň üpjünçiliginiň, TPM 2.0 çipiniň zerurlygy ýaly, berk talaplarynyň bardygyna salgylanyp, Windows 10-da galmagy makul bilýärler.
StatCounter-iň berýän maglumatlaryna görä, Windows 10 henizem 66,43 göterim paý bilen bazarda esasy bolmagynda galýar, Windows 11-de bolsa Copilot ýaly aýratynlyklary birleşdirip, OS-y has özüne çekiji etmäge edilýän synanyşyklara garamazdan, Windows 11 diňe 27,82 göterim paý alýar.


23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.2k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
909

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...