Wengriýanyň ýaşaýjysy World of Warcraft oýnunyň kömegi bilen Ginnesiň kitabyna girdi

  • 08.02.2024 21:53
  • 9.8k+

Wengriýanyň ýaşaýjysy Barnabas Wužiti-Žolnaý göni ýaýlymda World of Warcraft oýnunyň başynda 59 sagat 20 minut sarp edip, täze dünýä rekordyny goýdy. Ginnesiň rekordlar kitaby onuň strimini taryhda iň dowamlysy diýip ykrar etdi. Bu barada rbclife.ru habar berýär.

Öňki rekord MMORPG oýnuny 23 sagat 31 minut oýnan ulanyja degişlidi.
Barnabas Wužiti-Žolnaý Budapeştde professional şef-aşpez bolup işleýär, boş wagtlary bolsa wideo oýunlary oýnaýar. Ol rekordy täzelemek üçin iki günden gowrak wagtlap üznüksiz kompýuteriň başynda oturmaly boldy. Oňa her sagat birneme dynç almagy we iýmegi üçin bäş minutlyk arakesme berildi.
Rekord eýesi bu üstünligiň aňsat düşmändigini, 45 sagatdan soň gallýusinasiýanyň başlandygyny aýdýar. Güýçli ýadawlyga garamazdan, ol kofe içmekden ýüz öwrüp, diňe suw içdi. Geýmeriň aýtmagyna görä, oýun wagty ol 15 l suwuklyk içdi.
Oýun esport1.hu geýmer saýtynda göni ýaýlymda görkezildi. Ýaýlymdan gelen girdejileriň ählisi haýyr-sahawata gönükdirildi.
Barnabas Wužiti-Žolnaý üstünligi ýitirmek islemeýändigini we zerur bolan ýagdaýynda täze rekord goýmaga taýýardygyny aýdýar.


18.06.2026 22:32
4.5k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....