Lexus ES 200-iň “ýörite” wersiýasy 50 müň dollar bahadan hödürlendi

  • 09.02.2024 00:06
  • 16k+

Hytaýda Lexus ES 200 sedanynyň has gymmat görnüşi hödürlendi, bu model Special Edition diýlip atlandyryldy. Ol adaty ES-den daşky we içki bezegi bilen tapawutlanýar diýip, ITHome salgylanýan IXBT.com ýazýar.

Ýörite wersiýa esasy wersiýadan daşky görnüşiniň käbir elementleri we salonyň elementleriniň ýerleşişi taýdan tapawutlanýar.
Hususan-da, täze önüm radiatoryň “ýörite” kümüşsöw gözenegini, eksklýuziw dizaýnly tekerleri, uýgunlaşdyrylan yşygy, kuzowy “ýörite” jübüt - Supersonic Titanium Silver we Supersonic Quartz White reňkleri aldy.

Içinde: gara-gyzyl deriden salon, Mark Levinson akustikasy we bu “Lexus” -yň “aýratyndygyny” görkezýän logotipler bar.
Lexus ES 200 Special Edition CVT bilen jübütlenen bary-ýogy 176 at güýji bolan 2,0 litrlik atmosfera hereketlendirijisini aldy. Hünärmenleriň belleýşi ýaly, uzynlygy 4975 mm we tekeriniň bazasy 2870 mm bolan awtoulag üçin bu ýeterlik däl. Esasanam, “aýratyn” wersiýa bolýan bolsa. Şol bir wagtyň özünde, awtoulagyň bahasy 50 müň dollar durýar.


12.06.2026 01:38
7.6k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

07.06.2026 19:49
3.3k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

15.05.2026 11:08
3.3k+

Lexus futuristik superkarynyň konseptini görkezdi

Pekin awtosalonynda Lexus kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda anons edilen LFA superkarynyň pikirlerini ösdürýän täze sport awtomobiliniň konseptini tanyşdyrdy....