Emeli aň alymlara Wezuwiý tarapyndan ýakylan 2000 ýyllyk golýazmany okamaga kömek etdi

  • 08.02.2024 08:20
  • 10k+

Alymlar emeli aňyň kömegi bilen b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy sebäpli agyr zeper ýeten gadymy golýazmalarda 2000-den gowrak harplary kesgitlemegi başardylar. Bu barada mail.ru «The Guardian» neşirine salgylanyp habar berýär.

Gadymy golýazmalar Rimiň gadymy Gerkulanum şäherinde ýerleşýän we 1800-den gowrak golýazmany öz içine alýan kitaphanada saklanypdyr. Wezuwiý atylanda bu ýer wulkan palçygynyň we külüň aşagynda gömülipdir. Kitaphanadaky köp sanly golýazma ýanyp, ýok bolupdyr. Diňe birnäçe ýanan papirus şu güne çenli saklanyp galypdyr we dürli ýurtlaryň hünärmenleri birnäçe ýyl bäri olary okamagyň üstünde işleýärler.
2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Lýuk Farritor we Ýusef Nader golýazmada «melewşe» manysyny berýän «πορφύραc» gadymy grek sözüni tapdylar. Soňra olara kompýuter tomografiýasy arkaly golýazmalaryň sanly şekillerini almak üçin ýörite algoritm döretmäge kömek eden Şilliger hem goşuldy. Emeli aň esasly ulgam alymlara birbada 2 müň harpy ýüze çykarmaga kömek etdi.
Ýazgyda lezzet çeşmeleri barada aýdylýar, awtor olary aýdym-saz we iýmit diýip atlandyrýar. Şeýle hem ol lezzetiň, bollugyň we gorkynyň biri-birine nähili täsir edýändigi barada-da pikirlenýär.
Bristol uniwersitetiniň hormatly professory Robert Fawler teksti öwrenip, resminamanyň awtory epikurly gadymy grek filosofy Filodem bolup biler diýen netijä geldi. «Ähtimal, bu onuň özi. Bu egri ýazuw stili oňa mahsus» diýip, bilermen belledi.


16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
974

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...