BMG-niň bilermenleri Türkmenistanyň gender deňligi boýunça Milli hereket meýilnamasy bilen tanyşdylar

  • 08.02.2024 07:09
  • 13k+

2-nji fewralda BMG-niň Zenanlara garşy kemsidilmeleri ýok etmek boýunça komiteti Türkmenistanyň altynjy döwürleýin hasabatyna garady. Bu barada ORIENT agentligi BMG-niň Ženewadaky maglumat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Bellenilişi ýaly, komitetiň hünärmenleri döwletiň gender deňligi boýunça Milli hereket meýilnamasyna ýokary baha berdiler.
Hasabaty hödürlän Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary we wekiliýetiň ýolbaşçysy Mähri Bäşimowa 2021-2025-nji ýyllar üçin gender deňligi boýunça Milli hereket meýilnamasynda gender deňligini, jyns taýdan saglygy goraýşy, bilime deň elýeterliligi, ykdysady mümkinçilikleri ýokarlandyrmagyň çärelerini öz içine alýandygyny aýtdy. Gender deňligi boýunça Milli hereket meýilnamasynyň, şol sanda onuň oba ýerlerinde-de ýerine ýetirilişini utgaşdyrmak we gözegçilikde saklamak üçin pudagara komissiýa döredildi.
Hasabatyň dowamynda anyk görkezijiler yglan edildi. Şeýlelik bilen, Türkmenistanyň Mejlisinde zenanlar işjeň wekilçilik edýärler. 2023-nji ýyldaky saýlawlarda 125 mejlis agzasy saýlandy, şolardan 32-si zenanlar boldy. Bir zenan yzly-yzyna üçünji gezek Mejlisiň Başlygy wezipesine saýlandy. Aýal-gyzlar Türkmenistanda hasaba alnan ähli syýasy partiýalara wekilçilik edýärler we 28 ýerli öz-özüni dolandyryş edarasyny düzýärler. Ýurduň Daşary işler ministrliginiň işgärleriniň 26,4%-i zenanlar, olaryň 21,5%-i diplomatlardyr.
Umuman alanyňda, ýolbaşçy wezipelerdäki zenanlaryň paýy 22,4% boldy. Zenanlaryň işçi güýjündäki paýy 2019-njy ýylda 45,8%-den häzirki wagtda 48%-e çenli ýokarlandy. Bilim, saglygy goraýyş we jemgyýetçilik hyzmatlarynda zenanlar işçi güýjüniň 70%-ini emele getirýärler.
Ýokary okuw mekdeplerinde okaýan gyzlaryň paýy 2023-2024-nji okuw ýylynda 45,4%-e, orta hünär okuw mekdeplerinde bolsa 65,7%-e çenli ýokarlandy. Daşary ýurtlarda okaýan talyplarymyzyň 33%-i gyzlardyr. Milli hasabat ara alnyp maslahatlaşylanda ýurtda telekeçileriň arasynda zenanlaryň paýynyň takmynan 35%-e çenli ýokarlanandygy bellenildi. Soňky ýyllarda zenan telekeçilere berilýän karzlaryň mukdary dört esse artdy. 2023-nji ýylda oba hojalygynda zähmet çekýän zenanlaryň sany takmynan 13% artdy.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Hökümeti bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek üçin çäreleri hem görýär. Soňky dört ýylyň dowamynda 1860 ýaşamak üçin rugsatnama berildi, şolardan 80%-den gowragy zenanlara berildi we raýatlyk 8068 adama berildi, olaryň 55%-den gowragy zenanlardyr.

BMG-niň Ženewadaky maglumat gullugynyň hasabatynda bellenip geçilişi ýaly, Komitet Türkmenistanyň wekiliýetiniň tutuşlygyna diýen ýaly zenanlardan ybaratdygyny belledi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümi, Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky wekilhanasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili we Döwlet statistika baradaky döwlet komitetiniň, Milli kärdeşler arkalaşyklarynyň we Zenanlar birleşiginiň, Mejlisiň, Bilim ministrliginiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň wekillerinden ybarat boldy.


düýn 17:19
1.7k+

Günorta Koreýa Türkmenistandaky täze ilçisini belledi

Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrligi Li Won Çženi Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledi. Bu barada Daşary işler ministrligine salgylanyp, «Orient» habar berýär...

düýn 16:23
888

Geçen hepde TDHÇMB söwdalarynda geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 9 mln dollaryndan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda jemi 34 sany geleşik hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Gruziýanyň işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen polipropileni we binýatlyk ýagy satyn aldy...

düýn 14:48
7.3k+

Türkmenistan goňşy Eýrana doganlyk goluny uzadyp, ynsanperwer kömegini ýollady

Oraza aýynyň dowam edýän günlerinde Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwer kömegini ugratdy. Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu ýük, ilkinji nobatda, goňşy ýurduň çagalaryna niýetlenendir...

15.03.2026 09:38
7.7k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow musulman dünýäsiniň iň mukaddes gijeleriniň biri bolan Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda türkmen halkyna öz gutlag hatyny iberdi. Gutlagyň doly teksti TDH tarapyndan çap edildi...