HotCars 2024-nji ýylda iň ygtybarly awtoulag markalaryny saýlady

  • 07.02.2024 17:40
  • 10k+

HotCars neşiriniň hünärmenleri ygtybarly awtomobil markalarynyň reýtingini düzdüler. Bu barada tarantas.news habar berýär. Bu sanawda birinji orny Koreýanyň Hyundai konserniniň premial subbrendi bolan Genesis eýeledi. Bu markanyň awtoulaglary ygtybarlylygyň iň ýokary bahasyny aldylar – 10-dan 10. Genesis kompaniýasynyň ähli modelleri diýen ýaly Euro NCAP-dan ygtybarlylygyň 5-ýyldyzly reýtingine eýedir, 2024-nji ýylyň iň ygtybarly modelleriniň hataryna bolsa Genesis G80, Electrified G80, G90, GV60, GV70, Electrified GV70 we GV80 girýär.

Iň ygtybarly awtoöndürijileriň sanawynda ikinji orny Ýaponiýanyň Honda konserniniň bir bölegi bolan Acura kompaniýasy eýeledi. Ygtybarlylyk nukdaýnazaryndan iň gowy modeller bolsa Acura Integra, 2023-2024-nji ýyllaryň MDX we RDX awtoulaglary boldy.  
Liderleriň üçlügini Şwesiýanyň Volvo kompaniýasy jemledi. Volvo markasynyň ähli ulaglary heläkçilik ähtimallygyny azaltmaga mümkinçilik berýän ösen ulgamlar bilen üpjün edilýär, olardan iň ygtybarly modeller bolsa şulardyr: Volvo XC90, XC90 Recharge, XC60 we XC60 Recharge.
Mundan başga-da, neşiriň pikirine görä, iň ygtybarly awtoulag markalarynyň onlugyna Subaru, BMW, Volkswagen, Hyundai, Mazda, Nissan, Ford girdi.


27.06.2026 09:56
2.5k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 14:05
5.1k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

21.06.2026 16:05
4k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

19.06.2026 19:45
1.9k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......