2017-nji ýyldan bäri Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 5 esseden gowrak ýokarlandy

  • 08.02.2024 20:01
  • 6.1k+

2017-nji ýyldan bäri Türkmenistan bilen goňşy Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 5 esseden gowrak ýokarlandy we 2023-nji ýylda 1 mlrd 94 mln dollara ýetdi. Bu barada Aşgabatda geçirilen metbugat brifinginde Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi Akmolžon Kuçkarow habar berdi diýip, SNG.Today belleýär.

Diplomat iki ýurduň gatnaşyklarynyň halklaryň arasyndaky umumy taryhy, medeni we dil gatnaşyklaryna esaslanýandygyny belledi. Ilçiniň aýtmagyna görä, hyzmatdaşlygyň täze tapgyry Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň 2017-nji ýylda Aşgabada saparyndan we Strategiki hyzmatdaşlyk barada şertnama baglaşylandan soň başlandy.

“2017-nji ýyldan 2023-nji ýyl aralygynda özara söwdanyň bäş esseden gowrak ýokarlanyşy hasaba alyndy. Geçen 2023-nji ýylyň jemi boýunça ol 1 mlrd 94 mln dollara barabar boldy. Özbegistan Respublikasynyň Statistika agentliginiň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylda özara haryt dolanyşygy 920 mln boldy, ýagny ösüş, takmynan, 10%-e deň” – diýip, ilçi aýtdy.

Sebitara gatnaşyklaryň işjeňleşmegi we iki ýurduň telekeçileriniň işewür geňeşiniň işi hem aýratyn bellenildi.

“Şu ýyl ýokary derejede özara saparlaryň bolmagyna garaşylýar. Diplomatiki kanallar arkaly eýýäm wagt ylalaşylýar. Bu döwlet Baştutanlarynyň näderejede ýakyn aragatnaşyk saklaýandygyny we diňe bir ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga däl, eýsem Merkezi Aziýada sebit ýakynlaşygyna ýardam etmek üçin uly tagallary edýändigini ýene bir gezek görkezýär” – diýip, özbek diplomaty aýtdy. 


09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......