Jokowiç soňky bäş ýylda ilkinji gezek Indian-Uellsdäki ýaryşa gatnaşar

  • 06.02.2024 14:52
  • 2.3k+

Dünýäniň birinji raketkasy serbiýaly Nowak Jokowiç Indian-Uellsde (ABŞ) geçiriljek “Masters” ýaryşyna gatnaşar. Bu barada ýaryşyň X sosial ulgamyndaky akkauntyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.

Ýaryş 2024-nji ýylyň 6-njy martyndan 17-nji marty aralygynda geçiriler. Soňky gezek Jokowiç Indian-Uellsdäki ýaryşa 2019-njy ýylda gatnaşdy we şonda üçünji tapgyr oýunda germaniýaly Filipp Kolşraýberden 4:6, 4:6 hasabynda utuldy.
Jokowiç Indian-Uellsdäki ýaryşyň bäş gezek çempionydyr. Ol bu ýaryşda 2008, 2011, 2014, 2015 we 2016-njy ýyllarda ýeňiji boldy.


18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......