Bezos Amazonyň 50 million paýnamasyny satuwa çykarar

  • 06.02.2024 13:28
  • 3.8k+

Amerikaly milliarder Jeff  Bezos Amazon kompaniýasynyň 50 milliona çenli paýnamasyny satmakçy bolýar. Ol muny 2025-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan öň eder diýip, Reuýters habarlar gullugyna salgylanýan “Коммерсантъ” ýazýar.

Bu paýnamalaryň bazar bahasy 8,6 milliard dollara ýetýär. Häzir her kagyzynyň bahasy 171,8 dollar.

Amazon-yň hasabatynda satmak meýilnamasynyň baryp 2023-nji ýylyň noýabr aýynda kabul edilendigi aýdylýar. Soňky bir ýylda Amazonyň paýnamalarynyň  bahasy 80% -den gowrak ýokarlandy.

Bezos 1994-nji ýylda Amazony kitap satyjysy hökmünde esaslandyrdy. 2021-nji ýylda ol baş direktorlyk wezipesinden boşap, direktorlar geňeşiniň ýerine ýetiriji başlygy boldy. Bloomberg-iň berýän bahasyna görä, Bezos dünýädäki ikinji baý adamdyr (197 milliard dollar). Forbesiň maglumatyna görä, ol üçünji orunda durýar (193,8 milliard dollar).


12.03.2026 07:31
8.1k+

Jeff Bezos «milliarderler bunkerinden» 339 million dollarlyk mülk satyn aldy

Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos Floridanyň Indian-Krik adasyndan umumy bahasy takmynan 339 million dollar bolan birnäçe mülk ýeri satyn aldy. Maýami-Biç şäheriniň demirgazygynda, Biskeyn aýlagynda ýerleşip, hüşgär goralýan ada özüniň jebis ýapykdygy we ýokary derejeli howpsuzlygy sebäpli ilçilikde «milliarderleriň bunkeri» diýlibem atlandyrylýar...

03.03.2026 13:28
655

OpenAI we Amazon 50 milliard dollarlyk köpýyllyk şertnama baglaşdy

OpenAI kompaniýasy Amazon bilen 50 milliard dollar möçberinde köpýyllyk strategik ylalaşyk baglaşdy. Bu şertnama öňki 38 milliard dollarlyk ylalaşygyň dowamy boldy. Täze şertnamanyň çäginde Amazon Web Services (AWS) OpenAI-yň «Frontier» diýlip atlandyrylýan korporatiw platformasynyň eksklýuziw daşarky dileri (distribýutory) statusyna eýe bolar diýip, Neowin habar berýär...

02.03.2026 18:32
4k+

Jeff Bezos öz tehnologiýalaryndan zyýan çeken kärhanalary satyn almagy meýilleşdirýär

Direktorlar geňeşinde Jeff Bezos hem bar bolan Project Prometheus startapy emeli aňyň ornaşdyrylmagy sebäpli zyýan çeken senagat kärhanalaryny satyn almak üçin "onlarça" milliard dollar serişde toplamagy meýilleşdirýändigini yglan etdi...

02.02.2026 10:53
2.8k+

FT: ABŞ-nyň ösen kompaniýalary emeli aň zerarly 52 müň işgäri işden çykarmaga taýýarlanýar

ABŞ-nyň iri kompaniýalary emeli aň tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy we zähmet bazaryndaky ösüşiň haýallamagy sebäpli 52 müňe golaý işgäri azaltmagy meýilleşdirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...