Serdar Berdimuhamedow Täze Zelandiýanyň General-gubernatoryny Waýtangi güni bilen gutlady

  • 06.02.2024 12:09
  • 5.5k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Täze Zelandiýanyň General-gubernatory hanym Sindi Kiro Täze Zelandiýanyň milli baýramy — Waýtangi güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, General-gubernator Sindi Kiro tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Täze Zelandiýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Waýtangi güni her ýyl 6-njy fewralda baýram edilýär. Bu baýramçylyk 1840-njy ýylda britan wekilleri bilen Täze Zelandiýanyň ýerli halky bolan maori taýpasynyň wekilleriniň arasynda Ylalaşyga gol çekilmegine bagyşlanýar. Waýtangi Ylalaşygy Täze Zelandiýa atly döwletiň döremeginiň esasyny goýdy we ýurduň esasy konstitusion resminamalarynyň biri bolup durýar.


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....