Türkmenistanyň IIM-niň institutyna okuwa girmek isleýänleriň resminamalary kabul edilip başlandy

  • 05.02.2024 08:01
  • 17k+

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň instituty okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul edilip başlanandygyny habar berýär. Bu barada bildiriş “Türkmenistan” gazetinde çap edildi.

1. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutyna içeri işler edaralarynyň işgärlerine bildirilýän talaplara doly gabat gelýän, orta we orta hünär bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli 26 ýaşy dolmaýan erkek raýatlar, şeýle hem 18 ýaşdan kiçi bolmadyk we 23 ýaşy dolmadyk zenan raýatlar kabul edilýär.
2. Şu aşakdaky fakultetlere okuwa kabul edilýär:

  • hukuk fakulteti;
  • ýörite edaralar fakulteti;
  • ýangyn-tehniki fakulteti;
  • içerki goşunlar fakulteti.

3. Dalaşgärleriň resminamalary ministrligiň institutynyň okuw merkezinde 2024-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň 2056-njy (Ş.Batyrow) köçesiniň 9-njy jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
36-45-17, 36-44-97.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......