FIFA-nyň ýolbaşçysy Infantino futbolçylaryň bahasyny kesgitlemek üçin algoritm döretmegi teklip etdi

  • 05.02.2024 01:21
  • 9.5k+

Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino Tokioda geçirilen her ýylky hukuk meseleleri boýunça maslahatda oýunçylaryň bahasyny adalatly kesgitleýän algoritm döretmek teklibi bilen çykyş etdi.

«Häzirki wagtda bu we beýleki temalary ara alyp maslahatlaşmak biziň üçin adatdakylardan has möhümdir. Mysal üçin, transfer ulgamynda aç-açanlygy ýokarlandyrmak we futbolda gyzyklanýan taraplara kömek etmek üçin transfer tölegleriniň adalatly nyrhyna baha bermek üçin algoritmi ulanmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmak gerek» diýip, ESPN Infantinonyň sözlerini getirdi.

Futbol klublary 2023-nji ýylda transferler üçin rekord derejede jemi 9,63 milliard dollar sarp etdiler.


17.06.2026 11:14
8.9k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

17.06.2026 09:46
11k+

Bu üýtgewsiz düzgüne garşy! FIFA Trampa DÇ-2026-nyň ýeňijisine Dünýä kubogyny gowşurmaga rugsat berer

Halkara futbol federasiýasy ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň islegini ýerine düşürdi we oňa 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň jemleýji sylaglama dabarasynyň üýtgewsiz düzgünini bozmaga rugsat berdi. Bu......

10.06.2026 17:32
8.1k+

FIFA gazanmagyň usulyny tapdy: 79 dollara janköýerleriň atlary uly ekranda görkeziler

FIFA 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda janköýerler üçin täze hyzmaty hödürledi: 79 dollar tölän janköýerleriň atlary toparçalaýyn tapgyryň oýunlary wagtynda stadionlaryň uly ekranlarynda görkeziler....

08.06.2026 07:37
3.1k+

FIFA sosial ulgamlardaky kemsitmelere garşy göreşmek üçin emeli aňy işjeňleşdirer

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) futbol boýunça dünýä çempionaty döwründe sosial ulgamlardaky kemsidiji teswirlere garşy göreşmek üçin emeli aňy ulanmagy meýilleşdirýär. Bu barada «The Guardian» gazeti habar......