Alymlar gaz geçirijisini içinden bejermek üçin robot dörederler

  • 04.02.2024 23:50
  • 6.4k+

Karnegi Mellon uniwersitetiniň alymlary ýerasty gaz turbageçirijilerini barlamak we abatlamak üçin modul robotyny taýýarlamak bilen meşgullanýarlar. Robot üç motorly tigriň kömegi bilen turbanyň içinden hereket edip bilýän özboluşly ykjam modul bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol abatlamagy aňsatlaşdyrýar diýip, New Atlas-a  salgylanýan Ferra ýazýar.

Robotyň esasy moduly batareýa modulyny, ýokary çözgütli optiki datçikli kartografiki moduly we turbanyň iç ýüzüniň 3D şekilini döretmek üçin lazeri hem-de abatlaýyş modulyny öz içine alýar.
Häzirki wagtda soňky modul turbanyň ýüzüne çalt gataýan germetiki smola  gatlagyny dynuwsyz çalyp aýlanýan elementdir. Ýokardaky topar üstki şekilleri seljermek üçin kartografiki modul arkaly we emeli aň ulgamyny ulanmak bilen näsazlyklary kesgitleýär.
Robot, takmynan, 14,5 km uzynlykdaky, diametri 305 mm bolan turbany sekiz sagatda barlamaga ýa-da şol wagtda uzynlygy 3 km turbany germetik bilen örtmäge ukyply. Robot 61 m-lik kabel boýunça tok bilen üpjün edilýär, ýöne alymlar bu görkezijini 2 km-e ýetirmegi meýilleşdirýärler.


11.07.2025 01:34
9.9k+

Portugaliýanyň kenarlarynda neandertallaryň yzlary galypdyr

Arheologlar Portugaliýanyň kenarýakasynyň iki ýerinde neandertallaryň aýak yzlaryny tapdy. Olaryň ýaşy, takmynan, 78-82 müň ýyla barabar diýip, Scientific Reports žurnalyndaky makala salgylanyp, “N+1” neşiri habar berýär...

07.06.2025 13:13
2.5k+

Aşgabatda uglewodorod serişdelerini özleşdirmegiň täze tehnologiýalary we ekologiýa jähetleri maslahatlaşyldy

5-nji iýunda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda utgaşykly görnüşde «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» (TESC 2025) atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi...

14.10.2024 00:20
3.4k+

HNGU-da himiýa we gaz himiýasy pudagyndaky innowasion tehnologiýalar boýunça halkara maslahat geçiriler

13-nji noýabrda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Himiýa we gaz himiýasy pudagynda innowasion tehnologiýalaryň geljegi» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler. Häzirki wagtda...

31.07.2024 15:20
1.3k+

Russiýada nebitgaz çykarmagyň netijeliligini artdyrmagyň tehnologiýasy üstünlikli synag edildi

Russiýanyň Saratow oblastynyň inženerleri nebit we gaz önümçiliginiň işjeňligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän täze tehnologiýany işläp düzdüler. Bu barada TASS agentligi sebitiň Senagat we Energetika ministrliginiň...