Tramp ýene-de parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna dalaşgärlige hödürlendi

  • 03.02.2024 16:36
  • 12k+

ABŞ-nyň öňki Prezidenti Donald Tramp ýene bir gezek parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna dalaşgärlige hödürlendi. Ony dalaşgärlige Nýu-Ýork ştatynyň respublikan wekili, Wekiller palatasynyň agzasy Klodiýa Tenni hödürledi.

Tenni ýurduň öňki Prezidentiniň «Awraam ylalaşygyna» – Ysraýyl bilen BAE-niň we Bahreýniň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmak baradaky resminamalara gol çekilmegine goşandy üçin bu baýragy almalydygyny aýtdy. Onuň bellemegine görä, Trampyň bu ugurda hyzmatlary «örän uludyr we Nobel komiteti tarapyndan henize çenli degişli derejede ykrar edilmedi».
«Awraam ylalaşygyna» gol çekilmegine goşandy üçin Tramp parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna üç gezek dalaşgär görkezildi. Şeýle-de bolsa, tarapdarlarynyň tutanýerliligine garamazdan, ABŞ-nyň öňki Prezidenti entek baýragy alyp bilmedi diýip, «Fox News» teleýaýlymy habar berýär.
Dalaşgärleriň doly sanawy gizlin saklanýar. Kanun boýunça, olar baýrak gowşurylandan 50 ýyl soň mälim edilip bilner. Emma her ýyl ol ýa-da beýleki dalaşgäriň hödürlenmegi baradaky maglumatlar guramalar ýa-da dalaşgär hödürlemek hukugy bolan adamlar tarapyndan habar berilýär.


04.06.2026 14:18
7.8k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

30.05.2026 19:37
9.1k+

ABŞ Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmek isleýär

Eger Kongres kanunyň taslamasyny tassyklasa, ABŞ-nyň Maliýe ministrligi prezident Donald Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmäge taýýar. Bu barada Pudagyň ýolbaşçysy Skott Bessent Ak Tamda......

15.05.2026 14:43
11k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......

14.05.2026 18:54
5.9k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....