Aziýanyň Kubogynyň 1/4 finaly: Täjigistan Iordaniýadan utuldy, Günorta Koreýa Awstraliýany utdy

  • 03.02.2024 15:11
  • 6.7k+

Futbol boýunça Aziýanyň Kubogynyň ilkinji ýarym finalçylary belli boldy.

Dohadaky “Ahmad bin Ali” stadionynda geçirilen birinji oýunda Iordaniýanyň milli ýygyndysy Täjigistany minimal hasap bilen utdy. 66-njy minutda goragçy Wahdat Hanonow öz derwezesine gol girizdi – 1:0. Şeýlelik bilen, Iordaniýa öz taryhynda ilkinji gezek Aziýanyň Kubogynyň ýarym finalyna çykdy.
Beýleki bir oýunda Awstraliýanyň milli ýygyndysy Günorta Koreýanyň toparyny utup bilmedi. Oýun El-Wakradaky “El-Janub” stadionynda geçirildi. Oýnuň birinji ýarymynyň ahyrynda awstraliýaly Kreýg Gudwin hasaby açdy, ýöne esasy wagtyň soňky minutynda Hwan Hi Çan penaltiden gol girizip, hasaby deňledi. Goşmaça wagtda Son Hyn Min 2:1 hasabynda öz toparyna ýeňiş getirdi.
Birinji owertaýmyň ahyrynda awstraliýalylar az düzüm bolup galdylar: ýarym goragçy Eýden O’Nil oýundan çykaryldy.
Ýarym finalda Günorta Koreýanyň milli ýygyndysy Iordaniýanyň milli topary bilen duşuşar. Oýun sişenbe güni, 6-njy fewralda geçiriler.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......