Volkswagen emeli aň çözgütlerini işläp taýýarlamak üçin AI Lab kompaniýasyny döretdi

  • 02.02.2024 19:16
  • 4k+

Germaniýanyň Volkswagen awtoöndürijisi emeli aň gurşawynda çözgütlere ünsi jemlejek täze kompaniýany esaslandyrdy. Bu barada interfax.ru habar berýär.

VW eýýäm halkara IT kompaniýalary bilen emeli aň önümleriniň üstünde bilelikde işlemek barada deslapky gepleşikleri geçirýär.
AI Lab adyny alan täze kompaniýanyň döredilmegi IT pudagy bilen hyzmatdaşlygy ýönekeýleşdirmäge we tehnologiýanyň artykmaçlyklaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berer diýlip, kompaniýanyň habarynda bellenilýär.

“Biz müşderilerimize emeli aňyň kömegi bilen hakyky goşmaça bahany hödürlemek isleýäris. IT kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk biziň üçin örän möhüm. Biz geljekde guramaçylyk we medeni ugurlarda hyzmatdaşlygy ýönekeýleşdirmek isleýäris” – diýip, VW-niň baş ýerine ýetiriji müdiri Oliwer Blýum aýtdy.

VW sözleýşi tanamak tehnologiýalarynda we emeli aňyň kömegi bilen elektromobilleriň zarýad siklini optimizasiýalaşdyrmak ýaly beýleki hyzmatlarda uly potensial görýär.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

21.06.2026 16:05
4k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

14.05.2026 11:11
4.7k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....