Hytaýdan pensioner dünýäde wideo oýunlar bilen meşgullanýan iň garry bloger boldy

  • 02.02.2024 19:22
  • 12k+

Hytaýly pensioner dünýäde wideo oýunlar bilen meşgullanýan iň garry bloger boldy. Bu barada UPI neşirine salgylanyp, gazeta.ru ýazýar.

Internetde “Ýan baba” ady bilen tanalýan 88 ýaşly Ýan Binlin wideo oýunlar boýunça rolik düşürýän iň garry bloger hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Pensiýadaky adamyň sosial ulgamlarda onuň roliklerini yzarlaýan 280 müňe golaý abunaçysy bar.
Ol wideo oýunlar bilen 1998-nji ýylda, pensiýa çykan mahaly gyzyklanyp başlandygyny gürrüň berýär. Şondan bäri her gün üç – alty sagady gowy görýän işine sarp edýär.
Ýanyň aýaly onuň gyzyklanmasyny goldaýar we hatda käwagtlar onuň bilen bilelikde oýnaýar. Mundan başga-da, Binlin öz agtyklaryny we beýleki maşgala agzalaryny hem wideo oýunlaryň dünýäsi bilen tanyşdyrdy.
Garry rekord eýesi bolandygyna begenýär hem-de bedeniniň oýun oýnamaga mümkinçiligi barka, hemişe oýnajakdygyny aýdýar.


18.06.2026 22:32
4.2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

18.06.2026 11:17
4.7k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.3k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......