2024-nji ýylyň iýulyndan Ýewropada awtoulaglar üçin «gara gutular» giriziler

  • 01.02.2024 16:11
  • 9.8k+

2024-nji ýylyň iýul aýyndan başlap ähli ýeňil awtoulaglar, şeýle hem ýeňil ýük ulaglary we furgonlar «gara gutular» – ulagda hereketiň parametrlerini ýazga alýan bort ýazgy enjamlary bilen üpjün ediler. Bu barada gazeta.ru Motor1 neşirine salgylanyp habar berýär.

«Waka registratorlaryny» (event data recorder, EDR) sürüjiniň oturgyjyndan başga-da, sekiz ýolagçy oturgyjy bolan M1 derejeli awtoulaglarda standart enjam hökmünde gurnamak göz öňünde tutulýar. EDR-ni hökmany gurnamak baradaky Ýewropa Komissiýasynyň talaby, umumy agramy 3,5 tonna çenli bolan N1 derejeli täjirçilik awtoulaglaryna hem degişlidir.
Ýewropa Komissiýasynyň resminamalaryna laýyklykda, EDR tizligiň, duruzyşyň (tormoz) parametrleriniň, ulagyň ýoldaky ýagdaýynyň we ýapgydynyň (naklon), şeýle hem howpsuzlyk ulgamlarynyň täsiriniň ýazgysyny üpjün etmeli. Şeýle hem 2018-nji ýyldan bäri Ýewropada hökmany bolan «eCall» gyssagly jaň ulgamynyň işjeňleşmegini ýazga geçirmeli.


düýn 09:56
2.2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

04.06.2026 14:32
3.2k+

Toyota Yaris Cross täzelenenden soň Ýewropadaky bahalaryna hem täzeden seredildi

Toyota täzelenen Yaris Cross krossoweriniň Ýewropa bazary üçin bahasyny yglan etdi. Täzelenenden soň, esasy baha 200 ýewro arzanlady we indi 31 695 ýewrodan başlaýar....