Türkmenistanda tokaýy dikeltmek we agaç köpeltmek boýunça düzgünler we Kadalar tassyklanyldy

  • 01.02.2024 14:04
  • 11k+

Daşky gurşawy goramak ministrligi Türkmenistanda tokaýy dikeltmek we agaç köpeltmek boýunça Düzgünleri we Kadalary tassyklady.

Resminama "Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy bilen ylalaşyldy we 26-njy ýanwarda Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan döwlet belligine alyndy.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanda tokaýy dikeltmek we agaç köpeltmek bilen bagly düzgünler we kadalar düzgünleşdirilýär. 
Tokaýy dikeltmek we agaç köpeltmek bilen bagly işler Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan ýörite maksatnamalara we taslamalara laýyklykda geçirilýär.
Tokaýy dikeltmek we agaç köpeltmek işleri Türkmenistanyň dürli sebitleriniň suw, toprak, howa şertlerine laýyklykda hem-de ykdysady taýdan amatly, öňde baryjy usullar we tehnologiýalar arkaly amala aşyrylmalydyr. 

Tokaýlary dikeltmegiň maksady tokaýlary çapylmalardan, köýüklerden we öň tokaý gaznasynyň tokaý eýeleýän çäklerinde öz wagtynda dikeltmek, tokaýlaryň tohum düzümini gowulandyrmak, tokaý gaznasynyň ýerleriniň rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmek bolup durýar. Türkmenistanyň çäginde tokaýlary dikeltmek we agaçlary köpeltmek işleri diňe emeli ýol bilen nahal oturdulyp ýa-da tohum ekilip amala aşyrylýar.

Resminamanyň doly görnüşini şu salgydan okap bilersiňiz.


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....