Microsoft soňky 10 ýylda ilkinji gezek Windows-yň gurnamasyny düýpli täzeden düzdi

  • 01.02.2024 13:47
  • 4.1k+

Microsoft täzelenen Windows 11-i hödürledi, ol diňe bir täze aýratynlyklary däl, eýsem soňky on ýylda ilkinji gezek üýtgedilen gurnama interfeýsini hem aldy.

Canary gurluşyndaky ulanyjylar üçin operasiýa ulgamynyň täze wersiýasy eýýäm elýeterli boldy diýip, XDA Developers -e salgylanýan Ferra ýazýar.
Windows täze sazlamalar dizaýny bilen birlikde  ak fonly we ulanyjy interfeýsiniň täzelenen elementli "häzirki zaman gözelligini" getirýär.
Şeýle hem Microsoft wideo jaňlary wagtynda sesiň hilini ýokarlandyrýan bu gurluşa Voice Clarity aýratynlygyny goşdy. Ol fon şygyrdysyny we ýaňy netijeli basyp ýatyrýar.
Mundan başga-da, görüşi gowşak ulanyjylar üçin Narrator ekrandan okaýyş programmasy ep-esli gowulaşdy.
Microsoft bu möhüm täzelenmeler bilen bir hatarda, birnäçe ownuk gowulaşmalary we ýalňyşlyklary düzedýär.


17.03.2026 16:47
984

Windows 11-i täze arzan MacBook Neo-da işletmek başartdy

Parallels programma üpjünçiligini işläp düzüjiler wirtual maşyn arkaly Windows 11 operasion ulgamyny arzan MacBook Neo noutbugynda işledip bolýandygyny habar berdi. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, «Parallels» programmasy enjama bökdençsiz gurnalýar, wirtual maşynlar bolsa durnukly işleýär...

02.03.2026 11:03
1.6k+

Starlink Microsoft-a internet elýeterliligi boýunça global deňsizligi azaltmaga kömek eder

Microsoft kompaniýasy bütin dünýäde 299 million adamyň internete birikmegini üpjün etdi. Bu ugurdaky başlangyçlary dowam etdirmek üçin korporasiýa Starlink bilen hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşdy diýip, kompaniýanyň resmi blogunda habar berilýär...

20.02.2026 12:27
899

Microsoft we Ericsson PK-larda hemişelik 5G birikmesi üçin tehnologiýalaryny birleşdirýärler

​Microsoft we Ericsson kompaniýalary emeli aň goldawy bolan Windows 11 operasion ulgamly kompýuterlerde 5G tehnologiýalaryny has çuňňur integrasiýa etmek boýunça bilelikde işleýändiklerini yglan etdiler. Täze başlangyç korporatiw noutbuklarda mobil ulgamlary ulanmagy ýönekeýleşdirmäge gönükdirilendir...

17.10.2025 00:39
2.5k+

Microsoft realistik suratlary döredýän täze MAI-Image-1 generatoryny tanady

Microsoft kompaniýasy özüniň emeli aň esasynda işleýän ilkinji şekil generatory — MAI-Image-1 modelini hödürledi. Bu dolulygyna korporasiýanyň içinde işlenip düzülen we tekstdäki düşündirişe görä ýokary hilli, hakykata ýakyn suratlary döretmäge mümkinçilik berýän ulgamdyr...