Özbegistanda 254 milliondan gowrak agaç sanlylaşdyryldy

  • 31.01.2024 18:03
  • 13k+

Özbegistanda bäş ýaşdan uly 254 milliondan gowrak agaç sanlylaşdyryldy. Bu barada Özbegistanyň Ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanýan Gazeta.Uz habar berdi.

Agaçlary pasportlaşdyrmak Daşkentde synag režiminde geçiriler, şondan soň agaçlaryň diametri we ýagdaýy baradaky maglumatlar «Ýaşil Makon» elektron platformasynda sanawda görkeziler.
Iş üç basgançakda amala aşyrylýar. Ilki bilen gök agaçlyklar aerokosmik surata düşürilýär. Soňra agaçlaryň görnüşini, ýaşyny, beýikligini, ýagdaýyny we ýerleşiş koordinatlaryny görkezýän maglumatlar binýady dörediler. Üçünji tapgyrda her bir agaja identifikasiýa belgisi berilýär we «Ýaşil Makon» platformasynda pasport döredilýär. Hasaba alşyň netijeleri yashilmakon.eco web sahypasynda öz beýanyny tapdy.
Taslamany durmuşa geçirmezden ozal, özbek hünärmenleri ABŞ, Kanada, Hytaý, Hindistan, Awstraliýa, Russiýa, Germaniýa we Ýaponiýa ýaly ýurtlaryň tejribesini ünsli  öwrendiler.
Daşkentde agaçlary pasportlaşdyrmak üçin 100 toplum enjamyň satyn alynýandygy bellendi. Toplumda agajyň ýerleşýän ýerini has takyk kesgitlemek üçin sputnik nawigasiýa ulgamyny (GNSS) kabul edijiler we esasy stansiýalar, aralygy lazer ölçeýji, planşetler we Field map programma üpjünçiligi bar.


30.04.2026 17:05
2.6k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

23.04.2026 10:39
3.2k+

Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitinde anyk başlangyçlary öňe sürdi

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäheriniň Kongresler merkezinde «Durnukly geljek boýunça umumy garaýyş» atly Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026) plenar mejlisi geçirildi. Sammitiň gün tertibine......

22.04.2026 19:17
7.1k+

Türkmenistan Astanadaky sammitde ekologik sebit merkezlerini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astanada «Durnukly geljek barada umumy garaýyş» mowzugy astynda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitinde (RES 2026) çykyş etdi. Bu barada......

20.04.2026 20:30
4.6k+

Raşid Meredow Antalýada birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi

18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň......