Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Gazagystan bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

  • 31.01.2024 15:46
  • 12k+

14-nji martda Türkmenistanyň we Gazagystanyň futbol boýunça milli ýygyndylarynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygy geçiriler. Bu barada HHM Gazagystanyň futbol federasiýasynyň Metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Iki toparyň tälimçileri ýetip gelýän duşuşygy saýlama oýunlaryna taýýarlygyň tapgyrlarynyň biri hasaplaýarlar. Türkmen futbolçylary 21-nji martda Tähranda we 26-njy martda Aşgabatda geçiriljek Eýranyň milli ýygyndysy bilen 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama oýunlaryna taýýarlanýar. Gazak topary bolsa 21-nji martda Afinyda geçiriljek Gresiýanyň milli ýygyndysy bilen 2024-nji ýyldaky Ýewropa çempionatynyň pleý-off tapgyryna taýýarlanýar.
FIFA-nyň reýtingine görä Türkmenistan 141-nji, Gazagystan bolsa 100-nji ýerde ýerleşýär.
Toparlar eýýäm 3 gezek duşuşdy. Iki oýun deň hasap bilen tamamlandy we bir ýeňşi Gazagystanyň topary gazandy.


düýn 23:46
1.7k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

düýn 23:02
1.7k+

Alibaba bilen hyzmatdaşlyk UEFA-nyň hemaýatkärlik girdejilerini ýylda 1 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Hytaýyň Alibaba Group tehnologiýa holdingi bilen maksatnamalaýyn ylalaşyga gol çekdi. 2033-nji ýyla çenli möhletli bu şertnama guramanyň ýyllyk hemaýatkärlik......

düýn 00:17
8.2k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

03.06.2026 17:49
3.6k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......