Neuralink adam beýnisine ilkinji implanty oturtdy

  • 31.01.2024 14:52
  • 7.5k+

Telekeçi Ilon Maskyň Neuralink neýrotehnologiýa kompaniýasy 28-nji ýanwarda ilkinji gezek adam beýnisine implant oturtdy. Bu barada TASS habar berýär.

“Ilkinji adam implant aldy, dikeldiş [operasiýadan soň] gowy geçýär” – diýip, Mask X sosial ulgamynda ýazdy. Deslapky maglumatlara görä, enjamyň iş görkezijisi köp zady wada berýär.

Telekeçi Neuralink-iň ilkinji önüminiň Telepathy diýlip atlandyrylandygyny belledi. Ol adama pikiriň güýji bilen telefony we kompýuteri dolandyrmaga mümkinçilik berer. Maskyň aýtmagyna görä, ilkinji ulanyjylar öz el-aýagyna diýen etdirijiligi ýitiren adamlar bolar.

“Stiwen Hokingiň öz pikirini ýokary tizlikli tekst ýygyjysyndan ýa-da auksionçydan hem çalt beýan edip biljekdigini göz öňüne getiriň. Maksat şeýledir” – diýip, milliarder düşündirdi.

Neuralink startapy 2016-njy ýylyň iýul aýynda Mask tarapyndan döredildi we geljekde adam beýnisine oturdyp boljak çipleri işläp taýýarlamak bilen meşgullanýar. Işewür şeýle neýroulgamlaryň adama emeli aňa garşy durmaga ukyply kiborg bolmaga mümkinçilik berjekdigine hem-de adamlara pikiriň güýji bilen kompýuteri dolandyrmagy öwrenmäge kömek etjekdigine ynanýar.


düýn 16:08
2.6k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
3.8k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....