Türkmen ilçisi Pakistanda her ýyl geçirilýän "Apelsinler festiwalyna" gatnaşdy

  • 31.01.2024 11:57
  • 5k+

28-nji ýanwarda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi А.Мöwlamow Pakistanyň Penjab welaýatynyň taryhy Taksila şäherinde ýerleşen “Zaildar House” binasynda her ýylda bellenilýän «Orange festivali» dabarasyna gatnaşdy. Çäre Yslamabatda akkreditirlenen diplomatik korpusynyň we harby attaşeleriniň duaýenleriniň edaralary hem-de Elaan Research Centre merkeziniň wise-başlygy Zaildar Ahsan Şahyň ýakyndan gatnaşmagynda guraldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Çärä Pakistanyň Senatynyň başlygynyň orunbasary Mirza Mohammad Afridi, Pakistanyň wagtlaýyn Hökümetiniň agzalary, Yslamabatda akkretitirlelen daşary ýurtly ilçihanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri hem-de medeniýet we jemgyýetçilik işgärleri, işewürler gatnaşdylar.
Pakistanyň Senatynyň başlygynyň orunbasary gatnaşyjylara ýüzlenip medeniýet diplomatiýasynyň bu ýurduň baý taryhy mirasyny halkara arenasynda tanatmakda wajyp orun eýeleýändigini belläp geçdi.
Öz nobatynda diplomatik korpusynyň Duaýeni, Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi А.Мöwlamow, bu geçirilýän çäräniň daşary ýurtly diplomatlaryň Pakistanyň medeniýeti we taryhy bilen has ýakyn tanyşmaga hem-de dünýäniň ähli halklaryň arasynda özara düşünişmegiň berkidelmeginiň täsirli usuly bolýandygyny belläp geçdi.
Festiwala gelenler Pakistanyň baý medeniýeti we däpleri bilen ýakyndan tanyş bolmaga mümkinçilik döredenleri üçin onuň gurnaýjylaryna öz minnetdarlygyny bildirdiler. Daşary ýurtly myhmanlar ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdelerine berýän interwýularynda Pakistan bilen medeni we syýahatçylyk gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.


şu gün 12:20
287

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.4k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......