Günde güýçli tolgunma bolup geçdi. Hünärmenler magnit hadysasy barada duýdurýarlar

  • 30.01.2024 22:47
  • 21k+

29-njy ýanwarda Günüň üstünde güýçli M6.8 görnüşli alawlama ýüze çykdy. Bu barada Russiýa Federasiýasyndaky Amaly geofizika institutynyň (FGBU "IPG") Geliogeofiziki gullugynyň web sahypasyna salgylanýan RBC habar berdi.

Habara görä, 61 minut dowam eden M6.8 alawy 29-njy ýanwarda Aşgabat wagty bilen sagat 9:38-de hasaba alyndy.
Bu hadysa gysga tolkun (GT) radioaragatnaşygynyň kesilmegi bilen utgaşdy. Şondan birnäçe sagat öň 28 minut dowam eden başga bir alaw hem ýazga alyndy.
Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, 30-njy ýanwarda Günüň alaw işjeňligi ortaça boldy. Radiasiýa ýagdaýy birneme ynjalyksyz bolup biler. GT radioaragatnaşyk şertleriniň günüň belli bir wagtlarynda ýaramazlaşmagyna garaşylýar.
Alymlar Günüň işjeňliginiň indiki iň ýokary derejesiniň 2023-2024-nji ýyllarda boljakdygyny duýdurypdylar. Diýmek, bu döwürde köp alawlaryň we magnit tupanlarynyň boljakdygyny aňladýar.
Hünärmenler Günüň iň ýokary işjeňliginde saglygyňyza has ünsli bolmagy maslahat berýärler. Bu, esasanam, duýgur derili adamlara we magnit tupanlary ýiti täsir edýän adamlara degişlidir.


şu gün 08:10
1.9k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

düýn 16:08
3k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......