Ženewada Türkmenistan bilen Bütindünýä poçta birleşiginiň hyzmatdaşlygyny giňeltmägiň meseleleri maslahatlaşyldy

  • 30.01.2024 18:10
  • 5.5k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajiýew Bütindünýä poçta birleşiginiň Baş direktory Masahiko Metoki bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Şweýsariýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, taraplar hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek mümkinçilikleri, şeýle hem aýratyn ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar. Bellenişi ýaly, Bütindünýä poçta birleşigi BMG-niň düzümindäki iň gadymy düzümleýin edaralaryň biridir. 
1874-nji ýylda döredilen Bütindünýä poçta birleşigi soňra BMG-niň düzümine girizildi. Gurama birnäçe teklipleri hödürläp, dürli döwletara geleşiklerinde araçy bolup çykyş edýär hem-de poçta ibermelerinde tehniki geňeşçi hyzmatyny ýerine ýetirýär.


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

22.05.2026 14:19
2k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....