Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Hytaý Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

  • 30.01.2024 17:46
  • 2.8k+

29-njy ýanwarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana iş sapary bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygynyň orunbasary Hao Minszin bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara bähbitli dialogy pugtalandyrmak boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekinde geçirilen “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmagynyň ähmiýeti bellenildi.
Döwletara hyzmatdaşlykda ynsanperwer gatnaşyklara aýratyn orun berilýär. Ýaş türkmenistanlylaryň köp sanlysy HHR-iň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar. Ýurdumyzdaky birnäçe ýokary we orta bilim edaralarynda hytaý dili öwredilýär. Geçen ýylyň ahyrynda Aşgabatda Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň açylmagy, Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumynyň geçirilmegi bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygyň anyk mysallarydyr.
Duşuşygyň çäklerinde myhmanlar milli parlamentiň gurluşy we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ägirt uly özgertmelerine ýardam bermäge gönükdirilen işler bilen tanyşdyryldy.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň geljekde-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirildi.


düýn 22:17
997

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.4k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......